Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

18 Ýanwar 2021
1629

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda, sözüň doly manysynda, taryhy wakalaryň biri boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýaş nesiller hakyndaky aladanyň geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanyşykly hem asylly maýa goýumydygy babatda aýdýan parasatly jümleleriniň iş ýüzünde doly amal edilýändiginiň ýene-de bir güwäsidir.

Häzirki wagtda döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinen, her bir işe yhlasly, döredijilikli çemeleşmegi başarýan, ösen tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, milli durmuş we zähmet ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, ruhubelent, watansöýüji, geljege ynamly garaýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň anyk mümkinçiliklere we ylmy esaslandyrmalara daýanýan giň gerimli durmuş özgertmeleriniň çäginde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Çünki tutuş dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän iri möçberli, uzak möhletleýin taslamalaryň, sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň ählisi ýaşlaryň nurana geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.