Welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» atly «tegelek stoluň başynda» söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri edara-kärhanalarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle-de çeper döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde güneşli Diýarymyzda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda welaýatymyzda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, möhüm ähmiýetli desgalaryň we binalaryň açylyp, ulanylmaga berlendigini uly buýsanç bilen bellediler.