Gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna

1 gün öň
18

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşary syýasatynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine eýermek bilen jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi hem halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize berlen ýokary bahadyr. Hut şunuň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň teklibi esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ata Watanymyzyň ählumumy gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrýandygyny, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar, güýjümize güýç goşýar. Goý, «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ganatly şygar bilen bütin dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag bolsun, at-abraýy mundan beýläk-de Arşa galsyn!

Baýjan BAÝJANOW,
Darganata etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.