Bagtdan paýly nesiller

18 Dekabr 2024
114

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň beren bagtyna guwanyp, erkana ýaşaýar. Elbetde, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda ýaş nesliň ähli amatlyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary olaryň bagtyýar geljegini üpjün edýär.

Ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Hallybibi AMANTAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.