Ýaş maşgalalaryň hukuklary düşündirilýär

18 Dekabr 2024
115

Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminde etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Raýat hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek mukaddes borçdur» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ýaş maşgalalaryň raýatlyk hukuklary barada gürrüň edildi. Aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaş maşgalalaryň ösüp-örňäp, durmuşda ornuny tapyp gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerdir hukuklar kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Duşuşykda çykyş eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaş maşgalalaryň agzalaryna şol hukuklar barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Özara alşylan sowal-jogaplar has-da netijeli boldy.

Gunça HAITOWA,
Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň esasy hünärmeni.