Sizde-de şeýlemi? Täze ýyl baýramy ýakynlaşyp başlaýar welin, öýdäki çagalaryň kalbyna egsilmez şatlyk bilen sabyrsyzlyk dolýar. Onsoň, eýýäm dekabryň ortasynda öýde ýa-da howluda arça bezeler-de, şol arça tä ýanwaryň ortasyna çenli bezelgiligine galar. Şol bir aý çemesi wagtyň içinde öýdäki ähli şatlyk-şagalaň bezemen arçanyň töweregindedir. Çagalar barada gürrüňem ýok, şol günler ulular hem edil çaga ýaly şatlanyşar. Ulular başga wagt çaga ýaly hereket etse geňirgeniler, ýöne Täze ýyl baýramynda olary hemmeler bagyşlar. Näme üçinkä?!
Sebäbi belli. Täze ýyl baýramy çagalaryň dünýäsine has ýakyn. Bu baýramyň çagalaryň ruhuna ýakyn reňbe-reňlige, şatlyk-şowhuna, täze başlangyja beslenýändigi ony çagalaryň dünýäsine has ýakynlaşdyrýar. Üns berseňiz, şu gezekki Täze ýyl ýene-de çagalaryň baýramyna öwrüldi. Eýýäm baýrama on gün galanda hormatly Prezidentimiz Aýazbabadyr Garpamygyň üsti bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlaryny — döwrebap noutbuklary ýollady. Berkarar Diýarymyzyň ähli sebitlerinde körpeleriň müňlerçesi Täze ýyl baýramyny arzuwlardan hem zyýada gelýän ajaýyp sowgat bilen garşyladylar. 2011-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän bu däbiň şu gezekki esasy aýratynlygy çagalara Türkmenistanda öndürilen döwrebap kompýuterleriň gowşurylmagydyr. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilen noutbuklaryň mümkinçilikleri öwrediji kompýuter bolmagyň çygryndan has aňry geçýär. Olary islendik babatda professional kompýuter hökmünde ulanyp bolar.