Belende galdyryp ýaşyl tugumy, garşylaýas täze dogan her güni

1 Ýanwar 2021
2355

Täze —–2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylyyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji gününiň ir säherinde uly ruhubelentlige beslenen ildeşlerimiz welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyna ýygnandylar. Bu ýere welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Täze ýylyň täze säherinde Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyz belentden ýaňlanyp, berkararlygyň, asudalygyň, baky bagtyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy. Baky bagtyýarlygyň güwänamasy bolup, asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl Tugumyz bu ýere ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Soňra welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdy Saparow baýramçylyk gutlaglaryny, bagtyýar durmuşa buýsançlaryny, Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. Soňra bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.