Täsirli sapaklar guraldy

22 Sentýabr 2024
491

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 5-nji, 10-njy synplaryň okuwçylarynyň gatnaşmagynda döwlet derejesinde uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy guraldy. Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn okuw sapagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri sapak berdiler. Bu okuw sapagy olaryň ýaş aýratynlygy nazarda tutulyp guraldy.

Ilkinji sapak 5-nji synp okuwçylary bilen guralyp, olara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hakynda giňişleýin maglumat berildi. Okuwçylara uly gatnawly ýollarda ýerüsti we ýerasty geçelgelerden geçmek maslahat berildi, ýolyşygynyň kömegi bilen ýol geçelgesinden geçmegiň düzgünleri görkezme esbaplaryň, wideoşekilli ýazgylaryň üsti bilen düşündirildi.

Selbi GARRYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.