Ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan dostluk, dostanalyk, agzybirlik ýaly ýörelgeleriniň gymmatyny halkymyz belent tutýar. Dostluk hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadydyr. Adamzat gatnaşyklarynyň içinde dostluk mydama-da ilkinji orunda bolupdyr. Ömrüň dowamynda hakyky dostuň bolup, onuň bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak her bir adama zerur. Saňa düşünýän pikirdeş dost bilen ömür atly uzak ýoldan egin-egne berip geçmek hemmeleriň islegidir. Türkmençilikde «Sylanyşyk iki taraplaýyn bolýar» diýilýär. Şonuň üçin hem dostluk bir adamyň zähmeti däl-de, eýsem, iki adamyň zähmetidir, yhlasydyr, düşünjeleriň gabat gelmegi ugrundaky çemeleşmeleridir. Diýjek sözüň, etjek hereketiň paýhasa ýugrulyp, hakykatyň tarapdary bolmak, duýgudaşlyk, wepalylyk ýaly häsiýetlere eýermek dostlugyň ilkinji şertleridir. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragy:
Ýaman til dost ýitirer,
Hoş söz rehmet getirer.