Kompýuterli sütün

23 Iýul 2024
284

Türkmenistanlylar üçin elýeter, döwrebap kompýuter we ykjam «smart» enjamlaryny öndürýän milli «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy dünýäniň belli «Microsoft» hem-de «Intel» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklap, döwrüň bu ugurdan öňegidişliklerini öwrenýär we hünär başarnyklaryny kämilleşdirýär. Bu kärhanada öndürilýän «Bilimli» atly kompýuterler indi birnäçe ýyldan bäri döwlet Baştutanymyz tarapyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara sowgat edilýär.

Şahsy kompýuter üçin ilkinji täjirçilik klawiatura 1981-nji ýylda IBM tarapyndan çykaryldy. Häzirki wagtda ergonomiki, miniatýura we suw geçirmeýän 100-den gowrak dürli klawiaturalar bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Meýlis GURBANGELDIÝEW,
Aşgabat şäheri.