Arşdan-kürsden ýalkym saçýar «Arkadag»

9 Iýul 2024
485

Agzybirligi, erkanalygy, bagtyýarlygy, beýik özgerişleri bilen adamzady haýrana goýýan halkymyzyň, ata Watanymyzyň toý tutumynyň hem-de şan-şöhratynyň owazasy äleme ýaň salýar. Ýagşy arzuwlaryň wysala, belent maksatlaryň myrada gowuşýan ýerine öwrülen ýurdumyzy synlamak, ynsanperwer halkymyz bilen dost-dogan bolmak, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäniň çar künjünden myhman gelýär. Olar eziz Diýarymyzyň gyralary güllere, zümerret baglara bürenip oturan, aýna ýaly tekiz, ýagty, döwrebap enjamlaşdyrylan şaýollaryny, köçelerini setirligine jäheklän Zeminiň ak guwy ýaly mermer binalaryny, älemgoşar çüwdürimli seýilgählerini seýran edip lezzet alýarlar. Türkmeniň toý döwresiniň we oňa mynasyp sowgatly barmak adatynyň özlerinde ýakymly täsir galdyrýandygyny nygtap, ony hupbulwatanlygyň naýbaşy nusgalaryndan biri hasaplaýarlar. Milli gahryman Görogly begiň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana» diýen joşgunly namasynyň häzirki döwrüň bagtyýarlyk hakykatyna öwrülendigini belleýärler. «Akylly» şäheriň bir ýyllygynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň doglan gününiň bellenen senesinde hem munuň şeýledigine nobatdaky gezek göz ýetirildi.

Şol gün Arkadag şäheriniň häkimliginde goşa toý mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Dabara beslenip, göwünlere ganat, ýagty geljege uly ynam beren maslahatda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary hoş habarlary bilen ýene bir ýola külli türkmeniň ruhuny galkyndyrdy. Olar älem giňişligindäki ýagty, parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylandygyny habar berdiler. Ony tassyklaýan güwänamanyň, asman jisimleriniň hereketine yzygiderli gözegçilik edip, olary öwrenmekde esasy serişde bolan teleskopyň hem-de «Arkadag» ýyldyzynyň düşürilen suratlarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy umumadamzat tarapyndan toýlanylýan, akyldar şahyryň adyny göterýän ata Watanymyzyň baýry ýokary okuw mekdebine gowşurylmagy hem guwandyryjy waka öwrüldi. Elbetde, ol köptaraplaýyn ýakymlylyklary bagyşlap, sazlaşyklar dogrusynda pikire berilmegimize esas boldy.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».