Asyrlaryň jümmüşine ser salyp, Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklarynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylandygyna Gündogar halklarynyň akyldarlarynyň ylmy açyşlary, pikir-garaýyşlary şaýatlyk edýär. Ähli döwürlerde hem halky yzyna düşürmegi, ynandyrmagy, dogry ýola gönükdirmegi başaran şahsyýetler bolupdyr. Gadym döwürlerde-de beýleki ylymlar bilen bir hatarda, matematika ylmy hem ösüpdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Muhammet Horezminiň, Abu Nasr Farabynyň, Abu Reýhan Biruniniň, Ibn Sinanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň ynsan nesliniň beýik geçmişinden söhbet açýan taryhy, ylmy kitaplary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Olaryň saldamly işleri türkmen ylmyny belent derejelere göterdi» diýip belleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Gündogar ylmynyň taryhda öçmejek yz goýan, döredip ýaşan şahsyýetleriniň giňişleýin öwrenilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.