Türkmen arheologiýasynyň üstünlikleri

9 Oktýabr 2023
1634

Döwlet Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, öz döwründe hünärmentçiligiň, söwdanyň, ylmyň we medeniýetiň ösen merkezleri bolan Lebap welaýatynyň çägindäki Amul galasynda, Mary welaýatynyň çägindäki Abdyllahan galasynda, Uly Gyzgalasynda, Dandanakan (Daşrabat) galasynda, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda, Paryzdepede, Şähryslamda, Balkan welaýatyndaky Dehistan ýadygärlikler toplumynda, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna degişli Kerwensaraýda we beýleki ýadygärliklerde giň möçberli arheologik gazuw-barlag işleri alnyp baryldy.

Paryzdepede geçirilen barlaglar bu ýerde ilkinji oturymly mekanyň Änew medeniýeti döwründe ýüze çykandygyny, irki demir asyry zamanynda bolsa onuň Günorta Türkmenistanyň Köpetdagyň etegi zolagyndaky iri ykdysady we medeni merkezleriň birine öwrülendigini görkezdi. Orta asyr Abiwerd galasynda geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň ösüş yzygiderliligini, ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan maglumatlary berdi. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek magdan eredip, demir öndürilýän küräniň üsti açyldy. Has çylşyrymly tehnologiýany we tejribäni talap edýän simap önümçiliginiň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýän desgalar toplumy ýüze çykaryldy. Öndürilen simaby saklamak we daşamak üçin ýörite niýetlenen özboluşly gaplar, ýagny «simap küýzejikler» ýasalýan ussahananyň üsti açyldy. Dandanakan galasyndan beýleki gymmatly tapyndylar bilen bir hatarda, alabaý itiň heýkeljigi we lukmançylyk enjamlarynyň toplumy ýüze çykaryldy. Olar Seljuklar döwründe diňe bir uly şäherlerde däl, eýsem, kerwen menzillerindäki kiçi şäherlerde hem ýörite lukmançylyk-bejeriş öýleriniň hereket edendigini äşgär etdi. Şähryslamda geçirilen giň gerimli arheologik gazuw işleriniň netijesinde orta asyrlar döwründe dag etegindäki çeşmeleriň akabasyndan uzakda ýerleşen ilatly merkezleri suw bilen üpjün etmek üçin akar suwuň ýitgisini aradan aýyrýan bişen kerpiçden gurlan üsti ýapyk akabalardan, şäheriň etegindäki uly howdandan, ondan gözbaş alýan, turbalardan düzülen suw geçirijilerden ybarat çylşyrymly desgalar ulgamynyň döredilendigi anyklandy. Şäheriň içinde, kerwensaraýlaryň golaýynda onlarça kub metr göwrümi bolan ätiýaçlyk suw saklanýan ýapyk howuzlaryň, ýagny sardobalaryň hem üsti açyldy. Munuň özi türkmenleriň ata-babalarynyň jana şypa beriji süýji suwy aýawly saklamagyň örän netijeli usullaryny oýlap tapandygyny we ulanandygyny subut etdi.

Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.