Halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan çuňňur öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi döwletimiziň ylym-bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzda milli medeniýete, sungata uly üns berilýär we olary geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistan irki ekerançylyga degişli ýadygärliklere baý ýurtdur. Geçen asyryň ortalarynda başlanyp, soňra giň gerim alan arheologik barlag işleri Türkmenistanyň gadymy taryhynyň aýry-aýry döwürlerini çuňňur we yzygiderli öwrenmäge ýardam edýär. Arheologlar täze açyşlary bilen türkmen halkynyň taryhynyň öň belli bolmadyk sahypalaryny aýan edýärler.