"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çaga — ömrüň dowamy

Berkarar döwletimizde geljegimiz bolan çagalara milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap terbiýe, bilim berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Baldan süýji balalarymyz iň häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Halkymyzda «Çaga — ömrüň dowamy» diýen pähim bar. Şonuň üçinem ata Watanymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Terbiýäniň ilkinji basgançagy maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda terbiýäniň binýady berk tutulýar. Ol körpelerde bilim almaga bolan höwesiň, geljege bolan ynamyň, ymtylyşyň döremegine oňaýly şert döredýär. Şondan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ýykgyn edýän ugruny, höwesini, hyjuwyny belli bir ugra gönükdirip, hat-sowat öwretmek, döwrebap edep-terbiýe bermek, ak mekdebe ýola salmak, ýaşajyk şahsyýetde özüne bolan ynam döretmek terbiýeçileriň paýyna düşýär. 

Ajaýyp sungatyň waspy

Berkarar ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän işgärler  gatnaşdylar. Onda çykyş edenler çeper elli halyçylarymyzy ajaýyp baýramçylyk bilen gutladylar. Türkmen halysynyň şan-şöhraty, ajaýyplygy barada aýratyn nygtamak bilen, nesilden-nesle geçip gelen türkmen halysyna bolan söýgini artdyrmakda, ýaşlarymyzda halyçylyk sungatyna bolan buýsanjy döretmekde eziz Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserleriň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmeniň halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine gönükdirilen nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylaryna jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Edebiň ýagşysy — görelde

Halkymyzyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bar. Şolaryň biri-de çaga terbiýe bermek, ony edep-ekramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada ata-babalarymyz «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», «Edepli ile ýarar», «Atalar sözi — akylyň gözi» diýen ýaly paýhasly sözleri döredipdirler. Çaga terbiýesine örän uly ähmiýet bermeli. Ol başlangyç terbiýäni maşgalada alýar. Ata-enäniň terbiýesi näçe kämil bolsa, maşgala hem berk bolýar. Onuň üçin, ilki bilen, ata-enäniň özleri görelde bolmaly. Çünki «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýen pähim bar. Her bir ata-enäniň oňat häsiýetleri perzentleri üçin göreldedir. Edepli, terbiýeli çagalar mekdepde hem beýlekilere görelde bolýar.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň edepli, terbiýeli, ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Ol işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi zady ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigi aýdylýar. Şolaryň biri hem täze dünýä inen çagadyr. Bütin barlygy, dünýäni ýagtyldýan, ýyladýan nurly Gün bolsa, ynsanyň kalbyny, ömrüni ýagtyldýan, ýyladýan çyrag çagadyr. Çaga öýümiziň, ömrümiziň güneşi. Çaga — durmuşymyzyň ajaýyp güli. Çaga — guwanjymyz, ynsanyň bagty, onuň geljegi, dowamaty. Olaryň şadyýan, gyzykly dünýäsi göwünlerimize we kalbymyza ýakym, nuranalyk çaýýar. Ata-ene üçin perzendiniň il-güne gerekli bolup ýetişenini görmek bagtyň belentligidir.

Göllere siňen zehin

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halysynyň milli muzeýinde köp ýyllaryň dowamynda göreldeli zähmet çekip gelýän halyçy gelin-gyzlarymyza «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak we öňdebaryjy halyçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Biz bu dabara gatnaşan halyçy gelin-gyzlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:

Haly — milli gymmatlyk

Öňňin tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda esasy baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi, «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahat, söwda toplumynyň sergisi guraldy. Serginiň birinji gününiň çäklerinde ýurdumyzyň Modeller öýüniň guramagynda geçirilen «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň ýeňijileri bu ugur boýunça dünýä tejribesini milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, täze, gözegelüwli lybaslaryň gözden geçirilişini guradylar. Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi.

Körpeleriň baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň  baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi.

Arkadagly döwrümiziň bagtyýar nesilleri

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan: Çaga çaltyň bir elini baglar, çamanyň — iki elini.

Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda

Binýady berkden tutulan Berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen günsaýyn öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda halkymyzyň her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Mähriban halkymyzyň baý milli we medeni mirasyny, aýdym-saz sungatyny, ýurdumyzyň hoşniýetli we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny wasp etmek, geljekki nesillere ýetirmek medeniýet we sungat işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna giňden taýýarlyk görýärler. Obadyr şäherlerimizde şanly Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar zamanamyzy, ak mermere beslenen paýtagtymyzy wasp edýän aýdym-sazlar, folklor, tans çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Mahlasy, şanly senelere bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde gurlup, ulanylmaga berlen Garlyk şäherçesiniň döwrebap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda etrabymyzyň döredijilik toparlarynyň ýubileý ýylymyz mynasybetli taýýarlan aýdym-sazlary ýaňlandy, tans, folklor çykyşlary görkezildi. Çäre mahalynda etrap häkimligin

Şatlyga beslenen gezelenç

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, degişli edaralary tarapyndan gyzykly çäreler geçirilýär. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde guralan baýramçylyk gezelenji hem täsirli çäreleriň biri boldy.

Sungatyň naýbaşysy

Müňlerçe ýyllyk taryhy bolan halkymyzyň iň irki senedi halyçylyk bolupdyr. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän, gönezligini müňýyllyklardan alyp gaýdýan maglumatlar näçe diýseň bar. Gadymy Türkmenistanyň çäklerinde mis-daş asyrynda, ýagny, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda peýdalanylan gap-gaçlaryň, küýzeleriň ýüzünde şu günki türkmeniň haly sungatynda seýrek bolmadyk ýagdaýda şekillendirilýän nagyşlar saklanyp galypdyr. Mysal üçin, häzirki günde «älem», «goçak», «şelpe» diýlip atlandyrylýan we beýleki köp dürli nagyşlar Türkmenistanda, ylaýta-da, onuň çarwa we ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatynyň maddy medeniýetinde, sungatynda uly orun tapypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ajaýyp küýze önümlerindäki milli türkmen nagyşlary: «çarhypelek», «sarygolak», «atanak», «şelpeli gölçe», «aýnaly goçak» we beýleki nagyşlar müňýyllyklaryň dowamynda gözelligini ýitirmän, şu günler hem biziň dünýä meşhur ajaýyp halylarymyzy bezeýärler.

Ilkinji synaga taýýarlyk

Gatnaşýarlar: Adyl — 5-nji synpyň okuwçysy.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli, ýaş suratkeşleri ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp surat eserlerini sowgat etdiler. Geliň, owadan paýtagtymyzyň gözelliklerini bilelikde synlalyň! 

Aýdymly dünýä

Gaýtalanmajak täsin pursatlar ynsan hakydasynda hemişelik galýar. Çagalygymdan hoş owazly aýdymlaryna maýyl bolup ulalamsoň, mende «Türkmeniň saýrak bilbili» adyna eýe bolan Medeniýet Şahberdiýewany ýakyndan görmek, gürleşmek arzuwy bardy. Şol arzuwymyň hasyl bolup, belent sesli opera ussady bilen görşüp, söhbetdeş bolmagym ömrümde ýatdan çykmajak bagtly wakalaryň biri boldy. Bir gün ussat aýdymçyny görmek arzuwy bilen onuň işleýän ýeri — Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna bardym. Halypa talyp ýaşlara sapak berýän eken. Men onuň iş otagynyň öňünde birnäçe minut garaşmaly boldum. Ahyry arakesme wagty boldy, özi-de meniň nesibäme uzak arakesme.

Kinofestiwal üstünlikli jemlendi

Golaýda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine bagyşlap, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda yglan eden «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Kinofestiwala filmleriň jemi 33-si hödürlenip, hersiniň dowamlylygy 10 — 15 minut aralygynda boldy. Filmlerde çykyş eden artistleriň aglabasynyň ýaşlar, täze ýüzler bolmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Olaryň arasynda mekdep okuwçylarydyr talyplar hem bar. Bu bolsa türkmen kino sungatyny ösdürjek ýaş zehinleriň kemala gelýändigine buýsanjyňy artdyrýar.

«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» kinoteatrynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan geçirilen «Aşgabat bahary» atly kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Maý aýynyň 10-yndan 23-i aralygynda geçirilen kinofestiwala 33 sany gysga göwrümli çeper film hödürlenildi. Olardan has gowulary eminler toparynyň, şeýle-de tomaşaçylaryň baha bermeginde ýeňiji diýlip yglan edildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň taýýarlan «Meniň kakam» atly filmi kinofestiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de, kinofestiwalyň iň gowy kinossenariýa baýragyna Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby Jumanepes Çaryýewiň «Watanym şöhratym, şanym Aşgabat!» atly filmi, iň gowy şekil döreden erkek keşbine Türkmen döwlet Gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan «Baky juwan Aşgabat!» atly filminiň baş gahrymany Isgender Rejepow, tomaşaçylar tarapyndan saýlanan filme Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň hödürlän «Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!» atly filmi, iň gowy şekil döreden zenan keşbine «Meniň kakam» atly filminiň baş gahrymany Enaý Eýeberdiýewa, iň gowy kinooperatoryň işine «Gahryma

Aşgabadyň belent waspy mukamdyr

Aşgabat şäheriniň döredileni bäri ony hemmetaraplaýyn çeper wasp edýän goşgular we aýdymlar türkmen kompozitorlary we şahyrlary tarapyndan dowamly döredilýär. Ilkinji bolup Aşgabat hakynda aýdymy ussat kompozitor Daňatar Öwezow 1934-nji ýylda şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna ýazýar. Soňra 1936-njy ýylda ussat kompozitor Aşyr Kulyýewiň hem-de Garaja Burunowyň döredijilik gatnaşygynyň esasynda «Aşgabat — Moskwa» atly romans peýda bolýar. Şol döwürden başlap, gözel paýtagtymyza bagyşlanyp ýazylan aýdymdyr romanslaryň sany has-da artýar. Şeýlelikde, Aşgabat baradaky aýdymlary belli kompozitorlar Gurban Kulyýew (J.Mämmedowanyň goşgusyna), Nury Muhadow (M.Myşşyýewiň goşgusyna), Çary Nurymow (A.Kowusowyň goşgusyna), Aman Agajykow (A.Ýusubowanyň goşgularyna), Rejep Gutlyýew (Ý.Hommadowyň goşgusyna) ýazýarlar. Aşgabady wasp edip, kompozitor Weli Muhadow «Aşyklaryň şäheri» diýen ajaýyp romansyny döredýär.

Medeni habarlar

Ak bagtyň şäheri Açyk göwünli, sahawatly ilde ýaşaýyş gülleýär, sözüne ygrarly, dostuna wepaly ile ýakyn-u-alysdan dostlukly gollar uzaýar, ynsanlar mähir hem söýgi, gülleýiş hem sahawatlylyk hakynda söhbetleşýär, ýürekler birigip, bagt mukamyna hiňlenýär. Alnymyzdaky ak günleriň nyşany bolan paýtagtymyz hem milli Liderimiziň saýasynda parahatçylyk hem ynanyşmak atly beýik ýörelgeleriň güzer edinen ýerine öwrüldi. Biz muňa 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly baýramçylyk konsertiniň dowamynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Al­kyş si­ze, Ar­ka­dag!

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döwlet sylaglaryna mynasyp bolan sungat ussatlarynyň ýürek buýsançlary

Halyçylara toý sowgady

Öňňin Bäherden etrabynyň merkezinde Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap binanyň öňündäki meýdança bu şatlykly waka mynasybetli toý lybasyna beslendi. Ol ýere diňe bir etrabyň ýaşaýjylary, halyçy gelin-gyzlar däl-de, welaýatymyzyň ähli ýerinden halyçylar, jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle-de köp sanly hormatly myhmanlar ýygnandy.