Haly — milli gymmatlyk

31 Maý 2021
999

Öňňin tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda esasy baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi, «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahat, söwda toplumynyň sergisi guraldy. Serginiň birinji gününiň çäklerinde ýurdumyzyň Modeller öýüniň guramagynda geçirilen «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň ýeňijileri bu ugur boýunça dünýä tejribesini milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, täze, gözegelüwli lybaslaryň gözden geçirilişini guradylar.

Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi.

«Aşgabat».