Kinofestiwal üstünlikli jemlendi

28 Maý 2021
1061

Golaýda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine bagyşlap, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda yglan eden «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Kinofestiwala filmleriň jemi 33-si hödürlenip, hersiniň dowamlylygy 10 — 15 minut aralygynda boldy. Filmlerde çykyş eden artistleriň aglabasynyň ýaşlar, täze ýüzler bolmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Olaryň arasynda mekdep okuwçylarydyr talyplar hem bar. Bu bolsa türkmen kino sungatyny ösdürjek ýaş zehinleriň kemala gelýändigine buýsanjyňy artdyrýar.

Sahysalyh BAÝRAMOW.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi.