Edebiň ýagşysy — görelde

31 Maý 2021
1356

Halkymyzyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bar. Şolaryň biri-de çaga terbiýe bermek, ony edep-ekramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada ata-babalarymyz «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», «Edepli ile ýarar», «Atalar sözi — akylyň gözi» diýen ýaly paýhasly sözleri döredipdirler.

Çaga terbiýesine örän uly ähmiýet bermeli. Ol başlangyç terbiýäni maşgalada alýar. Ata-enäniň terbiýesi näçe kämil bolsa, maşgala hem berk bolýar. Onuň üçin, ilki bilen, ata-enäniň özleri görelde bolmaly. Çünki «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýen pähim bar. Her bir ata-enäniň oňat häsiýetleri perzentleri üçin göreldedir. Edepli, terbiýeli çagalar mekdepde hem beýlekilere görelde bolýar.

Amangül GURBANOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.