"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Akylly» şäher — ösen tehnologiýalaryň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda milli we döwrebap binagärlik usullarynyň giňişleýin peýdalanylmagy bu ugurda ylmyň ösüşinden habar berýär. Şonuň üçin gurulýan her bir desganyň we binanyň özboluşly aýratynlygy hem-de milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykly äheňleri içgin duýulýar. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman binagärlerini ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty Akjagül Köçäýewa bilen binagärlik işiniň aýratynlyklary, bu babatda şu günüň ýörelgeleri barada söhbetdeşligi taýýarladyk. — Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary, taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz gurulýan ajaýyp binalar babatda dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagtyndaky mermer binalar sözüň doly manysynda Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäheridigine doly şaýatlyk edýär.

Ar­ka­dag­ly ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat

Be­dew bat­ly ösüş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şöh­rat­ly 30 ýyl­lyk hem-de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­lyk baý­ra­my­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu şan­ly se­ne­le­re ga­bat­la­nyp, şu ýyl­da ýur­du­myz bo­ýun­ça 30 sa­ny iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mer­mer paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­le­ri­mi­ziň gö­zel­li­gi­ni has-da art­dy­rar. Täze taryhy eýýamda mermer paýtagtymyz, gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Onsoň milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, ata Watanymyz Türkmenistanyň mermer paýtagtynyň — aşyklar şäheri gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna buýsanjyň goşalanýar.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik zehininiň nyşanydyr

Halkara derejeli sport merkezi Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Tohumyňyz müňlesin, edermen babadaýhanlar!

Welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň uly buýsanç hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy alan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly çärelerinden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaz ekişine girişmäge beren ak patasy bilen täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýokary guramaçylykly ýagdaýda, işjeňlik bilen başladylar. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçiren maslahatyna welaýatymyzyň etraplarynyň häkimleri, obasenagat toplumynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk pudagyna dahylly hünärmenler, öňdebaryjy kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hususy önüm öndürijiler, daýhan hojalyklarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, dilleri senaly kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzda obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini düýpli artdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýändigini belläp, öňde duran belent

Belent bolsun bat, Aşgabat!

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çuň mazmunly dabaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy senelerini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan günlerinde hormatly Prezidentimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habarynyň ýurdumyza dolmagy agzybir halkymyzyň toý şatlygyny artdyrdy. Halkymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, üstünlikli alyp baran tohumçylyk-seçgi işleriniň guwandyryjy miwesi bolup, pederlerimiziň ruhy siňen keramatly türkmen topragynyň bezegine öwrülen hem-de sungat derejesine ýetirilen ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belent derejelere göterildi. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk sungaty hil taýdan baýlaşyp, bu pudakda uly özgerişler bolup geçdi. Şol özgerişleriň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewleriniň beden taýdan ajaýyp tebigy gözelliklerini saklap galmakda, kämil

Milli demokratiýa daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli, taryhy waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklary ösdürilýär. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredildi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikli saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi, döwrüň talabyna laýyk amala aşyrylýar.

Türkmen bedewi — milli gymmatlyklaryň naýbaşysy

22-nji martda mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady. Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi. Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem gazanan ýokary netijeleri we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmeti nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. * * *

Täzelikler

Welaýatymyzyň ussat ýüpekçileri şu ýyl Watanymyzyň kümüş çäjine gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri hem möwsüme taýýarlyk işlerini tamamladylar. Ýüpek gurçuklaryny örüzmek üçin inkubatoriýalaryň 12-sinde, hasyl kabul ediş sehleriniň 4-sinde abatlaýyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirildi. Etrabyň ýüpekçileri üstümizdäki ýylda 97 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler.

Şöhratly dowamatyň şany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynyň şu hepdesi täze başlangyçlary bilen iň şanly hepdeleriň birine öwrülýär. Hepdäniň başynda pederlerimizden gelýän oba hojalyk senenamasyna görä, täze güni, täze ýyly ― Nowruzy garşylan bolsak, düýn milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi. Şu gün bolsa ýurdumyzyň welaýatlarynda şol bir wagtyň özünde ençeme ýyladyşhananyň açylyş dabaralary bolar. Ýöne bu sananlarymyz heniz şanly hepdäniň başlangyçlarynyň, ýakymly täzelikleriň hemmesi däl. Hepdäniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumyna nobatdaky gezelenjinde berlen hoş habar ýokarda sanan başlangyçlarymyza-da öwüşgin çaýdy. Endigine görä, atly gezelenç etmek we döredijilik bilen meşgullanmak üçin bu ýere gelen milli Liderimize ajaýyp bedew Akhanyň ilkinji taýçanagynyň ― naşyja taýjagazyň dünýä inendigi buşlanyldy. Gahryman Prezidentimiz taýa onuň atasynyň adyndan ugur alyp we şu şanly ýylyň ýene bir möhüm wakasy ― Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat adyny dakdy. Bu görnüşlere «mawy ýaýlym» arkaly tomaşa edip, siz hem ajaýyp Akhan we ajaýyp Aşgabadymyz barada oýlanan bolsaňyz gerek. Çünki ak bedew bilen ak şäheriň arasyndaky baglanyşyk juda ýakyn. Mundan 15 ýyl ozal dünýä inen bedewiň ähli şöhraty ajaýyp Aşgabat bilen bagly. Şol bir wagtyň özünde-de Akhan — Aşgabadyň beýik adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna

Döwletlilik ýörelgämiz ýol alýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda ozal görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler täze eýýamymyzyň taryhynyň sahypalaryna Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň anyk beýany bolup ýazylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti batly hem-de ynamly ädimler bilen pajarlap ösýär. Ösüşleriň häzirki tapgyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösen we kuwwatly döwlete öwürýär. Döwletiň ykdysady kuwwaty bolsa, beýleki ugurlar bilen bir hatarda durmuş maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylmagyna amatly şertleri döredýär.

Beýik başlangyçlar bagta atarýar

Ýurdumyz dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň taryh üçin şeýle gysga döwürde gazanan ägirt uly üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine bütin dünýä haýran galýar. Bu gün türkmen döwletiniň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, mertebesi has-da belende göterilýär. Bitarap döwletimiziň esasy daşary syýasy ugurlarynyň biri döwletleriň arasynda ygtybarly ulag aragatnaşygyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlyk giň gerim alyp, barha pugtalandyrylýar. Şol mümkinçilikleri umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar ýurdumyzda multimodal ýük daşamagyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezi döretmäge gönükdirilendir.

Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

AŞGABAT, 23-nji mart (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Düýn milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Aşgabat — dünýäniň merjen şäheri

Ýurdumyzyň çar ýanynda gül bezegleriniň, ýaşyl zolaklaryň geriminiň giňeldilmegi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna täsirini ýetirýär. Täze gurulýan we durky täzelenen seýilgählerde dynç alýan ildeşlerimiz we bagtyýar çagalar ajaýyp görnüşlerden hem-de dürli öwüşginli suw çüwdürimlerden lezzet alýarlar. Seýilgählerde agaç nahallarynyň we bezeg gülleriniň göwnejaý ýerleşdirilmegi gezelenç etmek we daş-töweregi synlap, lezzet almak üçin amatly şertleri döredýär. Seýilgähler, baglar, güller şäherlerde tebigatyň özboluşly täsin adajyklaryna öwrülýär. Olar köp sanly guşlaryň üýşýän, şeýle hem daş ýerlerden getirilen ösümlik görnüşleriniň uýgunlaşýan ýerlerine öwrülýär. Tebigy görnüşler ilatyň özüni tebigata golaý duýmagyna, rahat dynç almaga ýardam berýär. Seýilgähler paýtagtymyz Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbine täsin öwüşgin çaýýar. Şäher gurşawyny bag — seýilgäh sungatynyň usullaryny oýlanyşykly kemala getirmek, şol sanda gök zolaklary we şäheriň köçelerini özboluşly bezemek paýtagtymyzyň şähergurluşygynda uly orun eýeleýär. Şäheriň dürli künjeklerinde seýilgähler gurulýar, desgalaryň ýanaşyk ýerleri gök ösümlik zolaklary bilen bezelýär. Şäheriň merkezi künjeklerinde hem daşky gurşaw, tebigy şertler bilen ajaýyp sazlaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Seýilgähler şäher abadançylygynyň örän möhüm düzüm birligi hökmünde birnäçe wezipäni, şol sanda ekologiýa we medeni

Toýlar uludan tutuldy

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Ahal welaýatynda baý many-mazmunly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçildi. Aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklary we milli öwüşginli beýleki tomaşalar ildeşlerimiziň toý ruhuny belende göterdi. AK BUGDAÝ. Etrabyň çägindäki Nowruz ýaýlasy welaýat derejesindäki baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Toý donuny geýen ýaz ýaraşykly giň ýaýlada baýramçylygyň ikinji gününde hem şatlyk-şowhunly tomaşalar dowam etdi.

Göwne ganat, döwre ylham bedewler

Döwleti berkarar, halky bagtyýar ýurduň toý-baýramlary goşa-goşadan gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli bahar baýramy bilen Halkara Nowruz gününiň goşa şatlygynyň ruhundan göwünlerimizi ganatlandyryp ýören günlerimiz biz ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Ol waka özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilige sarp edýän Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji martyň ir säheri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baranda «Buşluk!» habary bilen garşylanmagydyr. Bu ýerde milli Liderimize meşhur Akhan diýen bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigini habar berdiler. Döwlet Baştutanymyz bahar aýynyň ajaýyp gününde, Nowruz baýramynyň dabaralarynyň arassa asmanymyzy gurşap alan pursadynda özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň at taýynyň bolandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary şatlyk bilen garşylady. Müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän dünýä nusgalyk däbimize eýerip, täze doglan at taýynyň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Soňra hormatly Prezidentimiz milli atşynaslyk sungatynda täze dünýä inen at taýa onuň atasynyň adynyň baş harpy bilen utgaşdyryp at dakmak däbinden ugur alyp hem-de ak mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýdy.

Alyslara ýaň salan toý joşguny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz güni Milli bahar baýramy bilen bilelikde, tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýylyň 21 — 22-nji martynda giňden bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ajaýyp sene milli toý däp-dessurlary berjaý edilip, giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär». Eziz Diýarymyzda bu ajaýyp baýramyň dabarasynyň Nowruz bilen baglanyşykly däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi bilen uludan tutulmagy hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Türkmenistan «Akylly» şäherleri bilen şöhratlanar

16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu wakalar tutuş halkymyzda egsilmez ruhy joşgun, ajaýyp döwrümize bolan çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Çünki ýene sanlyja ýyldan häzirki wagtda köpsanly binagärlik-inženerçilik işlerini özünde jemleýän ägirt uly gurluşyk toplumy bolup duran bu döwletli tutum ― Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi ajaýyp döwrümize mynasyp ak şäherleriň biri bolar.

Türkmençilik we dünýä medeniýeti

Soňky döwürde ýygy-ýygydan ulanýan bir jümlämiz bar: Dünýä globallaşýar. Hawa, bu inkär edip bolmajak hakykat. Dile çeper ussatlar-a bu ýagdaýy: «Watanymyz — dünýä, milletimiz — adamzat» diýip häsiýetlendirýärler. Tehnologiýalaryň ýyldyrym çaltlygynda ösmegi ynsanlary, şol bir wagtyň özünde millet-halklary edil şol tizlikde bolmasa-da, görnetin derejede ýakynlaşdyryp, baglanyşygyny güýçlendirýär. Şeýle bolansoň, beýleki halklar bilen parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamak diýen wajyp wezipe ynsanyýetiň öňündäki ähmiýetini has-da artdyrýar oturyberýär. Sebäbi Zemin parahatlygyny berkarar etmek bu wezipäniň berjaý edilmegine bagly bolup durýar. Hawa, parahatlyk — rahat ýaşaýyş. Rahat ýaşaýyş — gorky-ürküsiz, arkaýyn durmuş. Eýsem, erkana ýaşaýyş haçan mümkin bolýar? Ynsanlar biri-biri bilen ynanyşyp ýaşan halatynda. Tutuş Ýer ýüzi babatynda alanyňda bolsa, milletler, döwletler biri-birine hormat goýup, diňe hoşniýetli gatnaşyklary alyp baran mahalynda.

«Gelse Nowruz äleme...»

Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Halkara Nowruz gününiň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň Nowruzynyň öňýany tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyny geçirmek, köpçülikleýin ýowar edip daş-töweregi tämizlemek, ähli babatda päklenip Nowruzy garşylamak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Şol däbe eýerilip, şu ýyl hem Milli bahar baýramynyň we Halkara Nowruz gününiň öňýany, ýagny 20-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda täze döredilýän seýilgähde ilkinji düýp agaç nahalyny oturdyp, ak pata bermegi bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekişligiň öňýany Döwlet senamyzyň owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy hemmelere Nowruza mahsus täze ruhy joşgun eçildi. Şol gün paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň ýaşaýjylary miweli, pürli we saýaly baglaryň, üzüm nahallarynyň ýüzlerçe müň düýbüni ekdiler, öňden bar bolan baglara timar berdiler. Özleriniň ýaşaýan we işleýän ýerlerini tämizläp, ruhlaryny päkläp, 21-nji martyň ir säheri — Nowruz güni dogan nurly Güni ýagşy dileglerdir umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem şol gün Garagum derýasynyň gözel kenarynda uly ruhubelentlik bilen Halkara Nowruz gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň toý şowhunyna goşu