Göwne ganat, döwre ylham bedewler

23 Mart 2021
1028

Döwleti berkarar, halky bagtyýar ýurduň toý-baýramlary goşa-goşadan gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli bahar baýramy bilen Halkara Nowruz gününiň goşa şatlygynyň ruhundan göwünlerimizi ganatlandyryp ýören günlerimiz biz ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Ol waka özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilige sarp edýän Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji martyň ir säheri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baranda «Buşluk!» habary bilen garşylanmagydyr.

Bu ýerde milli Liderimize meşhur Akhan diýen bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigini habar berdiler. Döwlet Baştutanymyz bahar aýynyň ajaýyp gününde, Nowruz baýramynyň dabaralarynyň arassa asmanymyzy gurşap alan pursadynda özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň at taýynyň bolandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary şatlyk bilen garşylady. Müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän dünýä nusgalyk däbimize eýerip, täze doglan at taýynyň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Soňra hormatly Prezidentimiz milli atşynaslyk sungatynda täze dünýä inen at taýa onuň atasynyň adynyň baş harpy bilen utgaşdyryp at dakmak däbinden ugur alyp hem-de ak mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýdy.

«Türkmen dünýäsi».