Belent bolsun bat, Aşgabat!

24 Mart 2021
848

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çuň mazmunly dabaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy senelerini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan günlerinde hormatly Prezidentimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habarynyň ýurdumyza dolmagy agzybir halkymyzyň toý şatlygyny artdyrdy.

Halkymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, üstünlikli alyp baran tohumçylyk-seçgi işleriniň guwandyryjy miwesi bolup, pederlerimiziň ruhy siňen keramatly türkmen topragynyň bezegine öwrülen hem-de sungat derejesine ýetirilen ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belent derejelere göterildi. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk sungaty hil taýdan baýlaşyp, bu pudakda uly özgerişler bolup geçdi. Şol özgerişleriň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewleriniň beden taýdan ajaýyp tebigy gözelliklerini saklap galmakda, kämilleşdirmekde ylmyň gazanan iň täze usullaryny ornaşdyrmakda, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmekde, atçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamakda ýetilen belent sepgitler hem mähriban Prezidentimiziň türkmen atlaryna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň guwandyryjy netijeleridir.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».