Tohumyňyz müňlesin, edermen babadaýhanlar!

24 Mart 2021
1144

Welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň uly buýsanç hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy alan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly çärelerinden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaz ekişine girişmäge beren ak patasy bilen täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýokary guramaçylykly ýagdaýda, işjeňlik bilen başladylar. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçiren maslahatyna welaýatymyzyň etraplarynyň häkimleri, obasenagat toplumynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk pudagyna dahylly hünärmenler, öňdebaryjy kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hususy önüm öndürijiler, daýhan hojalyklarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, dilleri senaly kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzda obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini düýpli artdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýändigini belläp, öňde duran belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl almakda netijeli işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny sazlaşykly ösdürip, ekinlerden bol hasyl almakda daýhanlara, hususy önüm öndürijilere berýän kömekdir ýardamlary, ýeňillikleri barada gürrüň edip, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Toýmämmet REJEBOW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».