Alyslara ýaň salan toý joşguny

23 Mart 2021
846

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz güni Milli bahar baýramy bilen bilelikde, tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýylyň 21 — 22-nji martynda giňden bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ajaýyp sene milli toý däp-dessurlary berjaý edilip, giňden bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär». Eziz Diýarymyzda bu ajaýyp baýramyň dabarasynyň Nowruz bilen baglanyşykly däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi bilen uludan tutulmagy hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Gülşat GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.