"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hususyýetçilik — täzeçillige werziş pudak

Büzmeýin üzümi Gadymdan bäri meşhur büzmeýin üzümi indi täze, özem düýpli özgerişi başdan geçirýär. Garadaşaýakly baýry daýhan Jumamyrat Daňatarowyň Garagum derýasynyň boýuny syryp geçýän uly ýoluň ugrundaky 3 gektarlyk kärende ýerinde üzümiň has bazarly-hyrydarly 7 görnüşi ýetişdirilip, häzir bu meýdana agtygy Nurýagdy Rejebow ideg edýär. Şunda içkimaryň sapylan görnüşem bar. Täze üzüm içkimaryň özünden has ir — halyly bilen uçurdaş, ýagny iýunyň 25-lerine bişip ýetişdi. Şu ýylyň gijä galan soňky ygallary we paslyň öňki ýyllara görä salkynlygy üzümiň ir ýetişmegini biraz bökdedem ýogsa. Ýolagçylardyr sürüjiler üçin diýseň amatly, gözüň alnyndaky meýdandan ýaňyja ýyglan ter üzümi almak üçin olara wagt ýitirip, ýoldan sowulmagam gerek däl. Onsoňam, ter görnüşleri saýlap-seçmäge, üstesine-de, tomsuň ilkinji aýyndan tä gyş düşýänçä yzly-yzyna bişip ýetişýän, şeýdibem üzüm möwsümi ozalkylaryndan has uzaga çekýän şirin-şeker türkmen brendi bu ýerden ýoly düşenleri biparh goýmaýar. Asmandan bol güneş paýyny alýan, gurak howany halaýan, dersi ýetirilen mes toprakdan kuwwatlanýan, bary-ýogy birküç gezek suwarylýan üzümleriň onsoň, hakykatdan-da, hyrydarynyň ýetikligi düşnükli bolýar duruberýär. Araçy-dellalsyz satylýan datly miwäniň bahasy-da, edil terligi ýaly, müşderini özüne imrindirýär. Nurýagdy babasydyr ejesi Ogulmaralyň gadymy daýhançylyk kesbini ösdürmegi-kämilleşdirmegi

«Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy»

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okap oturyşyma, onda tutuş bir bölümiň zähmete bagyşlanandygy ünsümi egledi. Soňra bu baradaky pikirler serimden telim günläp aýrylmady. Men muny zähmete bolan garaýyşlardyr gatnaşyklaryň düýpgöter üýtgändiginde, döwrüň tabynlygynda hem-de hökmürowanlygynda oňa forma we mazmun taýdan käbir üýtgetmeleriň girizilendiginde görýärin. Bir tarapdan, bärde ähli zat aýyl-saýyl we düşnükli. Çylşyrymly zat ýok. Emma bu töwerekleýin seredeniňde şeýle eken. Milli Liderimiziň kitaplaryna wagtal-wagtal ýüzlenýändigimiň ilkinji sebäbi hem şunda: agyp-dönüp duran pikirleriňe terlik berýän täze, dury çeşme tapylýar. Kitapda zähmet temasyna aýratyn üns berlip, ondan söz açylmagyny tüýs jüpüne düşen diýip hasaplaýaryn. Zähmetsöýerlik, onda-da halal zähmet, zähmet terbiýesi, zähmet göreldesi, zähmet endigi... — bular türkmen durmuşyny emele getirýän, milli häsiýeti kesgitleýän esasy aýratynlyklaryň biri ahyryn. Halk döredijiliginde zähmetsöýerlik ynsany bezeýän, ýagşy ýigide ýaraşýan beýleki asylly häsiýetler bilen deň hatarda goýulýar. Göräýmäge, zähmet hakynda köp zat aýdyldy we ýazyldy. Bu babatda aýdyljak islendik täze söz diňe öňki pikirleri gaýtalaýjak ýaly bolup dur. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» bolsa mende bu tema batyrgaýlyk bilen ýüzlenmäge höwes döretdi. Sebäbi zähmet adamy adam edýär. Zähmetsöýerl

Görkezijiler ýokarlanýar

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawodynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymy ýokary önümçilik görkezijilerine beslendi. Ýurdumyz üçin zerur bolan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmek babatyndaky tagallalara saldamly goşant goşýan zawodda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 6 million 566 müň manatlykdan gowrak keramzit öndürildi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,19 göterim ösüşiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada öndürilen keramzidiň müňlerçe kub metri sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary kärhanada ýylyň başyndan bäri keramzidiň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döretdi. Kärhananyň hünärmenleri özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Täze eýýamyň belent maksatlary döwletiň we halkyň birleşen tagallalaryndan myrat tapýar

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar. Garaşsyz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri jemgyýetçilik aňynyň ösüşine milli nazaryýetden çemeleşip, täze döwür baradaky oňyn garaýyşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüş hereketinde örän derwaýys bolan möhüm ugurlaryň biridir.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň hilini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiziň ähli edara-kärhanalarynda we guramalarynda işler guramaçylykly alnyp barylýar. 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ilata aňrybaş hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, guramanyň esasy wezipesi döwletimiziň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Hal­kyň sö­zi hak bo­lar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Gahryman Arkadagymyz go­laý­da, has ta­ky­gy, 20-nji iýul­da türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, ola­ryň pa­ra­sat­ly wes­ýet­le­ri­ne eýe­rip, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge ila­tyň we­kil­le­ri­niň giň­den gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri dö­re­di­ji­lik­li kä­mil­leş­dir­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny — Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni şu ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň de­giş­li Kararyna gol çek­me­gi äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar­da çuň­ňur buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di.

Mek­dep ba­zar­la­ry­na hoş gel­di­ňiz!

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Hal­ky­myz­da ata-ba­ba­lar­ymyzdan, ene-ma­ma­la­ry­myz­dan däp bo­lup gel­ýän aja­ýyp edim-gy­lym­lar bar. Şo­la­ryň bi­ri hem toý­la­ra my­na­syp taý­ýar­lyk gör­mek däp­le­ri. Ata-ene­le­ri­miz üçin ça­ga­la­ry­nyň tä­ze dur­muş ýo­lu­na ga­dam bas­ma­gy bi­len bag­ly her bir gü­ni toý, her bir gü­ni baý­ram.

He­ni­zem giç däl, şu pur­sat­dan baş­la!

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Her bir he­re­ket, her bir iş ynam­dan baş­la­nýar. Eger mek­dep okuw­çy­sy öý iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­män­li­gi üçin mu­gal­ly­myn­dan er­bet ba­ha al­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, öý iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mez­di. Tür­gen bu sport­dan baş alyp çyk­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, tür­gen­le­şi­ge baş­la­maz­dy. Daý­han bol ha­syl al­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, ekin ek­mez­di. Te­le­ke­çi peý­da ga­zan­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, söw­da gir­mez­di. Ýaş­lar bagt­ly dur­muş gu­rup bil­jek­le­ri­ne ynan­ma­sa­lar­dy, dur­muş to­ýu­ny tut­maz­dylar we şu­ňa meň­zeş ýe­ne mil­liard­lar­ça my­sal ge­tir­mek müm­kin. Hem­me zat ynam­dan baş­la­ýar. Gy­nan­sak­da, bu ynam her kim­de deň de­re­je­de bol­ma­ýar. Adam­la­ryň ag­la­ba­sy ara sä­hel­çe müň­kür­li­giň ýa-da sä­hel­çe kyn­çy­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ynam­la­ry­ny ýi­tir­mek bi­len bol­ýar­lar, des­si­ne ruh­dan dü­şüp, ni­ýet­le­rin­den we mak­sat­la­ryn­dan el çek­ýär­ler.

Al­tyn ga­py­ly aja­ýyp dün­ýä

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024

Ki­tap um­ma­ny­na sy­ýa­hat

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Ada­myň ki­tap ýa­ly ha­ky­ky dos­ty ýok­dur.

Köp­le­riň dü­şün­ýän di­li

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Ki­çi­jik Reh­me­diň sö­zi bi­len yla­laş­ýan­lar azam däl­di, kö­pem. Ýö­ne ol özü­niň pi­kir­deş­le­ri­niň köp bol­ma­gy­ny is­le­ýär­di. Ony otag­da sto­luň ba­şyn­da ki­tap okap otu­ran do­ga­ny Ah­me­diň ýa­ny­na alyp ge­len hem şol is­le­gi­di.

Sportuň galkynýan zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» atly bölüminde: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýen ajaýyp jümleler bar. Bu sözleriň durmuşymyzyň, döwrümiziň mizemez hakykatyny dabaralandyrýandygyna her birimiz şaýat. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetiň ähli ulgamlaryna giň gerimde ornaşdyrmakda, sporty ähli taraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmek bilen, olar Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan belent ykrarnamasynyň barha pugtalanmagyny üpjün edýär.

Halkyň agzybirligi — ýurduň berkararlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşleridir özgertmeleri, şanly wakalary täze taryhymyza zer harplarda ýazylýar. Naýbaşy baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şanly wakalaryň biri bolup, milli demokratiýamyzyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Ajaýyp zamanamyzy ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir halkymyz şu günler naýbaşy baýramyny ýokary derejede mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Ildeşlerimiz mukaddes baýramy üstünliklere beslemek maksady bilen ýokary öndürijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýär. Ine, şanly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi onuň dabarasyny has-da artdyrar.

Milli kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge, durmuş-ykdysady döredijilige itergi berýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly işler alnyp barylýar. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de wagyz etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, her bir raýatyň beden, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany barha artýar.

Rejepguly pälwan

Gökdepäniň gadymy Ahal obasynda ýaşaýan, meşhur Salar pälwanyň nesil ugrundan bolan Amanmyrat mugallymyň döwletli ojagynda öz döwrüniň belli pälwanlary Muhammetberdi teleke pälwan, Çaryguly pälwan, Rejepguly pälwan, bendesenli Rüstem gara pälwan we Amanmyrat mugallymyň ogly Şirmyrat pälwan bilen saçak başynda duşuşmak miýesser etdi. Agyr agramda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempionlary bolan bäş pälwanyň başy jemlenip, olaryň söhbetdeşliginde bolmak aýratyn bir dünýä eken. Gürrüňçiligiň esasy düýp özeni türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli göreşi hakynda boldy. 1969-njy ýylda Ahalyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Gagşal obasynda mekdep mugallymy Orazdurdy aganyň we Kiçigül ejäniň döwletli maşgalasynda dördünji ogul bäbek dünýä inýär. Kakasy Orazdurdy Hojamyradow (Durdy pälwan) we onuň inisi Aşyrmyrat Hojamyradow (Aşyr pälwan) dagy hem öz obalaryndaky we Gökdepe sebitlerindäki toýlarda türkmen milli göreşi boýunça pälwançylyk edipdir. Aşyr pälwan baş baýraga dalaş edýän pälwanlaryň arasynda göreşip, toý baýraklaryna mynasyp bolupdyr.

Welaýatlardan habarlar

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin we ýekeleýin meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar zamanada bagtly nesil bolmak, saýlan ugruňdan ukyp-başarnygyňy görkezmek her birimiziň gursagymyzdaky belent arzuwlaryň biridir. Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ATF-nyň guramagynda tennis boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasynda Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmen türgenleriniň birnäçesi baýrakly orunlary eýeledi. Üstünlikli çykyş eden türgenleriň biri-de Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Aýnur Annamyradowadyr. Ol bu ýaryşda 2-nji orna mynasyp boldy.

«Arzuwda» hasyl bolýan arzuwlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň arkasynda döwletimiziň dag ýaly bolup durandygyna, olaryň geljegi hakyndaky aladanyň bir pursat hem ünsden düşürilmeýändigine şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup göreniňde hem buýsanç bilen göz ýetirýärsiň. Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky bir-birinden kaşaň binalardyr desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde häzirki dynç alyş möwsüminde bagtyýar ýaş nesilleriň şadyýan sesleri çar ýana ýaýraýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezi hem şolaryň biridir. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şatlykly hem-de peýdaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýän «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan bagtyýar nesiller medeni çärelere, döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna höwes bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, oýun oýnamak üçin meýdançalar, dürli gurnaklar bolup, olar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Mekdep bazarlary işläp başlady

Şu gün ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da mekdep bazarlary işläp başlady. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginde habar berişlerine görä, welaýatymyzyň oba-şäherlerinde göçme söwda nokatlarynyň 51-si hereket edýär. Şeýle-de birleşige degişli söwda dükanlarynyň 570-sinde hem mekdep burçlary döredildi. Mekdep bazarlarynda kanselýariýa harytlarynyň, okuw esbaplarynyň, okuwçy lybaslarynyň giň söwdasy guralýar. Aýratyn bellenilmeli zat bolsa mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilenligidir. Welaýatymyzda açylan mekdep bazarlary awgust aýynyň 1-inden sentýabr aýynyň 5-ine çenli ir säherden tä giç öýläne çenli işlär. Göçme söwda nokatlarynyň işlemegi satyjylar üçin hem, alyjylar üçin hem amatlydyr.

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 01/08/2024

Jumamyradow Baýrammyrat Akmuradowiçiň adynda duran AT 48-25 AH döwlet belgili “Nissan Centra” awtoulag üçin berlen güwänamanyň ýitendigini habar berýäris. ***