Welaýatlardan habarlar

2 Awgust 2024
138

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin we ýekeleýin meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar zamanada bagtly nesil bolmak, saýlan ugruňdan ukyp-başarnygyňy görkezmek her birimiziň gursagymyzdaky belent arzuwlaryň biridir.

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ATF-nyň guramagynda tennis boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasynda Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmen türgenleriniň birnäçesi baýrakly orunlary eýeledi. Üstünlikli çykyş eden türgenleriň biri-de Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Aýnur Annamyradowadyr. Ol bu ýaryşda 2-nji orna mynasyp boldy.