Hususyýetçilik — täzeçillige werziş pudak

6 Awgust 2024
147

Büzmeýin üzümi

Gadymdan bäri meşhur büzmeýin üzümi indi täze, özem düýpli özgerişi başdan geçirýär. Garadaşaýakly baýry daýhan Jumamyrat Daňatarowyň Garagum derýasynyň boýuny syryp geçýän uly ýoluň ugrundaky 3 gektarlyk kärende ýerinde üzümiň has bazarly-hyrydarly 7 görnüşi ýetişdirilip, häzir bu meýdana agtygy Nurýagdy Rejebow ideg edýär. Şunda içkimaryň sapylan görnüşem bar. Täze üzüm içkimaryň özünden has ir — halyly bilen uçurdaş, ýagny iýunyň 25-lerine bişip ýetişdi. Şu ýylyň gijä galan soňky ygallary we paslyň öňki ýyllara görä salkynlygy üzümiň ir ýetişmegini biraz bökdedem ýogsa. Ýolagçylardyr sürüjiler üçin diýseň amatly, gözüň alnyndaky meýdandan ýaňyja ýyglan ter üzümi almak üçin olara wagt ýitirip, ýoldan sowulmagam gerek däl. Onsoňam, ter görnüşleri saýlap-seçmäge, üstesine-de, tomsuň ilkinji aýyndan tä gyş düşýänçä yzly-yzyna bişip ýetişýän, şeýdibem üzüm möwsümi ozalkylaryndan has uzaga çekýän şirin-şeker türkmen brendi bu ýerden ýoly düşenleri biparh goýmaýar. Asmandan bol güneş paýyny alýan, gurak howany halaýan, dersi ýetirilen mes toprakdan kuwwatlanýan, bary-ýogy birküç gezek suwarylýan üzümleriň onsoň, hakykatdan-da, hyrydarynyň ýetikligi düşnükli bolýar duruberýär. Araçy-dellalsyz satylýan datly miwäniň bahasy-da, edil terligi ýaly, müşderini özüne imrindirýär. Nurýagdy babasydyr ejesi Ogulmaralyň gadymy daýhançylyk kesbini ösdürmegi-kämilleşdirmegi ýol-ýörelge saýýar. Bu ýagdaý häzirki bazar şertlerine-de bap-zerur gelýär. Indi içerkidir daşarky bazarlarda barha ýitileşýän bäsdeşlikde rüstem gelmegi başarmaly. Diňe şunda iş — pişä, pişe — işe öwrülip, eklençdir zähmetiň lezzeti utgaşýar. Rejebowlaryň ýene-de 6 gektar üzümleri bar. Şeýdibem, gol doly maşgala hut üzüm ýetişdirmek arkaly gurply hojalyk bolaýýar.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».