Rejepguly pälwan

2 Awgust 2024
172

Gökdepäniň gadymy Ahal obasynda ýaşaýan, meşhur Salar pälwanyň nesil ugrundan bolan Amanmyrat mugallymyň döwletli ojagynda öz döwrüniň belli pälwanlary Muhammetberdi teleke pälwan, Çaryguly pälwan, Rejepguly pälwan, bendesenli Rüstem gara pälwan we Amanmyrat mugallymyň ogly Şirmyrat pälwan bilen saçak başynda duşuşmak miýesser etdi. Agyr agramda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempionlary bolan bäş pälwanyň başy jemlenip, olaryň söhbetdeşliginde bolmak aýratyn bir dünýä eken. Gürrüňçiligiň esasy düýp özeni türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli göreşi hakynda boldy.

1969-njy ýylda Ahalyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Gagşal obasynda mekdep mugallymy Orazdurdy aganyň we Kiçigül ejäniň döwletli maşgalasynda dördünji ogul bäbek dünýä inýär. Kakasy Orazdurdy Hojamyradow (Durdy pälwan) we onuň inisi Aşyrmyrat Hojamyradow (Aşyr pälwan) dagy hem öz obalaryndaky we Gökdepe sebitlerindäki toýlarda türkmen milli göreşi boýunça pälwançylyk edipdir. Aşyr pälwan baş baýraga dalaş edýän pälwanlaryň arasynda göreşip, toý baýraklaryna mynasyp bolupdyr.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.