«Arzuwda» hasyl bolýan arzuwlar

2 Awgust 2024
171

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň arkasynda döwletimiziň dag ýaly bolup durandygyna, olaryň geljegi hakyndaky aladanyň bir pursat hem ünsden düşürilmeýändigine şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup göreniňde hem buýsanç bilen göz ýetirýärsiň. Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky bir-birinden kaşaň binalardyr desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde häzirki dynç alyş möwsüminde bagtyýar ýaş nesilleriň şadyýan sesleri çar ýana ýaýraýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezi hem şolaryň biridir.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şatlykly hem-de peýdaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýän «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan bagtyýar nesiller medeni çärelere, döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna höwes bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, oýun oýnamak üçin meýdançalar, dürli gurnaklar bolup, olar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Aşyr BERDIÝEW.