"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ählihalk bag ekmek dabarasy

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022.  Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynyň 18-ine çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda mart aýynyň 20-sine ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Munuň bilen baglanyşykly ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Dürli nahallary ekmek ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak ählihalk işi hökmünde bagtyýar durmuşymyzda giňden ýaýbaňlanýar.

Tebigatyň goraglylygy — durmuşyň gözelligi

Ekologiýa diplomatiýasy umumadamzat meselesidir, özi-de juda wajypdyr. Ýer togalagy — biziň umumy öýümiz, onuň haýsydyr bir künjeginde bolýan tebigy hadysa beýleki yklymlara hem belli bir täsirini ýetirýär. Şonuň üçin Halk Maslahatynyň taryhy mejlisindäki çykyşynda milli Liderimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli kämilleşen ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de has giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy gorap saklamak ugrunda bitirilýän işler sanardan kän. Garagumuň gujagynda döredilen hem-de taslama kuwwaty artdyrylýan «Altyn asyr» Türkmen köli hakykatda ekologiýa abadançylygynyň tutuş Aziýa yklymyndaky nusgasydyr. Ekologlar bu kölüň kenarynda öň görülmedik guşlaryň dürli görnüşleriniň gyşlamaga galýandygyny ýa-da pasla görä düşläp geçýändigini eýýäm hasaba aldylar. Guşlar ekologiýa diplomatiýasynyň habarçylarydyr. Olar diňe howpsuz, ot-iými ýeterlik, rahat ýerde düşleýär ýa-da hemişelik höwürtge edinýärler.

Ýagşydan bag galar

Bag ekip ýetişdirmek halkymyzda hemişe-de iň bir sogaply, haýyrly iş hasaplanyp gelinýär. Muny pederlerimiziň paýhas ummanynyň miwesi bolan «Gury agajy egmegin, degmedige degmegin», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Ýagşydan bag galar, ýamandan ýürekde dag» ýaly nakyllar hem tassyklaýar. Bag-bossanlygyň tebigata, adamzada diňe bir gözellik eçilmän, onuň saglygyň, arassalygyň çeşmesidigini hemişe nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Diýarymyz ägirt uly seýilgähi ýada salýar. Diňe geçen ýylyň özünde 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy hem bu işde ägirt uly öňegidişligi emele getirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda, 20-nji martda geçirmeklik soňky ýyllarda asylly dessura öwrülen bag ekmek daşky gurşawyň goraglylygyna, durmuşymyzyň ýylsaýyn gözelleşmegine gönükdirilen ýazky çärelere badalga bolar. Hormatly Prezidentimiz salkyn saýa berýän, miweli baglary ýetişdirmek işlerine aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin hem her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi ýurdumyzda baýramçylyk ruh

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 7-13-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +23...+25o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +22...+24o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Biodürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa syýasaty üstünlikli ösdürilýär. Milli Liderimiz 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ekologiýa diplomatiýasyny mundan beýläk-de wagyz etmek biziň üçin örän möhüm soraglaryň biri bolup durýar. Biz bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp bararys. Şu ugurda Gaaga konwensiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işler hem biziň üçin möhümligine galar» diýip belledi. Munuň özi ekologiýa diplomatiýasyna döwlet Baştutanymyz tarapyndan berilýän aýratyn ünsüň nyşanydyr.

Milli binagärlikde döwrebap ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek 30 ýyla gönükdirilen Maksatnamanyň taslamasynda esasy göz öňünde tutulan wezipeler barada bellenildi. Olaryň hatarynda «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça hem giň göwrümli wezipeler bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga girişmek boýunça öňdäki orunlary eýeleýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Milli ykdysadyýetiň desgalarynyň ekologiýa taýdan arassa, önümçiligiň tebigata zyýan ýetirmeýän «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanmagyna uly üns gönükdirýär. Milli ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegi hem «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny giň gerimde ornaşdyrmak we bu ugurda ylmy işleriň netijeliligini gazanmak bilen baglydyr. «Ýaşyl» tehnologiýalar, esasan, «ýaşyl» gurluşyklarda — ekogurluşyklarda giňden ulanylýar. «Ýaşyl» gurluşygyň usullary esasynda binalar, desgalar gurlanda we olar peýdalanylanda, sökülende-de, umuman, olaryň hyzmat edýän döwrüniň tutuş dowamynda daşky gurşawa täsiri az bolýar. Beýle binadyr desgalar tebigy serişdeleri, energiýany tygşytlamaga we aýawly ulanmaga ýardam etmek bilen birlikde, ýokary hilliligi, amatlylygy, çykdajylarynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar. «Ýaşyl» gurluşyklaryň usullary we tehnologiýasy barha kämilleşdirilýär we öwrenilýär. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen, adamlarda «ýaşyl» gurluşyklar

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-i — mart aýynyň 6-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 21-27-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +6...+8o aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+11o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +8...+10o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar.

Ösümlikleri goramagyň döwlet maksatnamasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde tassyklanan «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmek hem öz beýanyny tapdy. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly, rejeli peýdalanmak we geljekki nesillerimize ýetirmek onuň özenini düzýär. Ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak, agrar gatnaşyklaryny we tehnologiýalaryny kämilleşdirmek hem esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Berkarar Watanymyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de ösümlikleri gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýady barha berkidilýär. 2016-njy ýylda «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden, şeýle hem haşal otlardan goramak babatda işi amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen ýetişdirilen hasyly gorap saklamaga gönükdirilendir. Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenista

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 14-20-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.

Ekologik abadançylyk we ählumumy ösüş taglymaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn ekologiýa syýasaty ýurdumyzda tebigat bilen sazlaşykly, ýaşaýşyň ekologik taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Diýarymyzda suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biodürlüligi hem-de tebigaty goramak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Şunda daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm maksatnamalaryň kabul edilip, olaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. «Gök guşak» maksatnamasynda bellenilen çäreler esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşyl zolaklar, seýilgähler we seýilbaglar döredildi. Şäherdir obalaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu maksatnamanyň ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge hem oňaýly şertleri döredýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Onuň çäklerinde ilatly ýerleriň daş-töweregine ýaşyl zolaklary aýlamak, oba hojalyk meýdanlarynyň daşynda goraýjy tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalarynyň, çöl sazaklarynyň tokaýlarynyň we kenarýaka jeňňellikleriň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly de

Bagy-bossan paýtagtym

Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzdan gelýän gurmak, döretmek, bina galdyrmak ýörelgelerine berk eýerýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy gazanmak, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, bagy-bossanlygy emele getirmek ýaly oňyn hem-de iňňän uzaklary nazarlaýan başlangyçlar biziň ertirki nesillerimiziň hem aladasydyr. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň ilkinji şerti hem ekologiýa abadançylygy bilen berk baglydyr. Biz ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň mysalyny ýene-de bir ýola şu ýylyň 19-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegine bolan nobatdaky iş saparynyň netijelerinde hem görýäris. Häzirki wagtda Aşgabat ýaşyl dona bürenen we iň arassa, abadan, owadan şäherleriň hataryndadyr. Bu bolsa şäher ilatynyň saglyk we ruhy ýagdaýyna juda ýokary derejede oňyn täsirini ýetirýär. Diňe bir tebigatyň ösümlik dünýäsiniň däl, eýsem, haýwanat dünýäsiniň hem barha baýlaşýandygyny diňe Aşgabat şäherimiziň mysalynda hem görmek bolýar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 7 — 13-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Sagdyn ekoulgamyň goragynda

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.  Ekoulgamyň bioköpdürlüligini goramak, dikeltmek, tokaýlary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebit ýurtlarynyň anyk çäreleri durmuşa geçirmekde netijeli işleşmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün edýär. «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda»,  «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Tokaý kodeksi» ekologik ulgamda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşaýşyň örki, topragyň görki

Ekologiýa syýasaty hakynda oýlanmalar Bu ýazgylaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň geçen ýyl Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen maslahatyna gatnaşandan soň dörändigini aýdasym gelýär. Şonda howanyň üýtgemegi, onuň ýaramaz täsirlerini azaltmak bilen bagly meselelerde Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine gönükdirilen birnäçe anyk teklipleridir başlangyçlary beýan edildi.

Ekoulgamda hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, daşky tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara maslahatlarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-i - fewral aýynyň 6-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-30-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-5o sowukdan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +11...+13o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...-6o sowukdan 0...+2o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar.

Durmuşyň gözellikleri

Dünýäde ähli zat biz üçin döredilen bolsa, onda bize şol mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp öz durmuşymyzy, ömrümizi gözelleşdirmegimiz wajyp bolup durýar. Her gün ir bilen çagalarymy ulaga mündürip, mekdeplerine alyp gidýärin. Ýolboýy olaryň gürrüňlerini diňleýärin we çaga dünýäsiniň neneňsi tämizligine göz ýetirýärin. Çagalara ýöne ýere durmuşyň gülleri diýilmeýär. Olaryň kiçijik zatlara-da begenişlerini, her sözüňe dykgat edişlerini, sähel öwgä ynanyşlaryny synlap, çaga dünýäsiniň neneňsi näzikdigine ýene bir ýola düşünýärsiň.

Bagym bar — barym bar

Bagy durmuşyň bezegi hasaplaýan ilimizde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy onuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halky bag ekmegi mydama sogap iş hasaplapdyr. Täze maşgala emele gelende ýaşaýşyň, gözelligiň, söýginiň, mukaddesligiň, perzent dünýä inende bolsa, bitewüligiň we müdimiligiň nyşany hökmünde ata-babalarymyz bag ekipdirler. Tebigata aýawly çemeleşip, onuň bilen sazlaşykly ýaşan pederlerimiziň ýetişdiren bagy-bossanlygy Diýarymyzyň üstünden ýoly düşen her bir jahankeşdäni haýrana goýupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşan taryhçy Geradotyň: «Türkmen topragynda bitýän tokaýlarda şeýle bir ýaprak bilen örtülen agaçlar bar. Şol agaçlaryň ýapragyny owradyp we suw bilen garyp boýag ýasaýarlar, ol boýagdan olar geýimlerine nagyşlar salýarlar. Ol nagyşlaryň reňki dökülmeýär, solmaýar, ol mata bilen deň könelýär, edil mata bilen başda dokalan ýaly» diýen ýazgysyny okap, ýurdumyzda gadym döwürlerde hem ösümliklerimizden ýokary hilli boýaglaryň alnandygyna göz ýetirýärsiň. Daşary ýurt we türkmen alymlary taryhy maglumatlara esaslanyp, Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, Garagum sährasy, bol suwly derýalary, belent-belent daglary barada belleýä