Bagy-bossan paýtagtym

9 Fewral 2022
1543

Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzdan gelýän gurmak, döretmek, bina galdyrmak ýörelgelerine berk eýerýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy gazanmak, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, bagy-bossanlygy emele getirmek ýaly oňyn hem-de iňňän uzaklary nazarlaýan başlangyçlar biziň ertirki nesillerimiziň hem aladasydyr. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň ilkinji şerti hem ekologiýa abadançylygy bilen berk baglydyr.

Biz ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň mysalyny ýene-de bir ýola şu ýylyň 19-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjegine bolan nobatdaky iş saparynyň netijelerinde hem görýäris. Häzirki wagtda Aşgabat ýaşyl dona bürenen we iň arassa, abadan, owadan şäherleriň hataryndadyr. Bu bolsa şäher ilatynyň saglyk we ruhy ýagdaýyna juda ýokary derejede oňyn täsirini ýetirýär. Diňe bir tebigatyň ösümlik dünýäsiniň däl, eýsem, haýwanat dünýäsiniň hem barha baýlaşýandygyny diňe Aşgabat şäherimiziň mysalynda hem görmek bolýar.

Serdar ALLEKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygy.