Bagym bar — barym bar

17 Ýanwar 2022
1572

Bagy durmuşyň bezegi hasaplaýan ilimizde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy onuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halky bag ekmegi mydama sogap iş hasaplapdyr. Täze maşgala emele gelende ýaşaýşyň, gözelligiň, söýginiň, mukaddesligiň, perzent dünýä inende bolsa, bitewüligiň we müdimiligiň nyşany hökmünde ata-babalarymyz bag ekipdirler. Tebigata aýawly çemeleşip, onuň bilen sazlaşykly ýaşan pederlerimiziň ýetişdiren bagy-bossanlygy Diýarymyzyň üstünden ýoly düşen her bir jahankeşdäni haýrana goýupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşan taryhçy Geradotyň: «Türkmen topragynda bitýän tokaýlarda şeýle bir ýaprak bilen örtülen agaçlar bar. Şol agaçlaryň ýapragyny owradyp we suw bilen garyp boýag ýasaýarlar, ol boýagdan olar geýimlerine nagyşlar salýarlar. Ol nagyşlaryň reňki dökülmeýär, solmaýar, ol mata bilen deň könelýär, edil mata bilen başda dokalan ýaly» diýen ýazgysyny okap, ýurdumyzda gadym döwürlerde hem ösümliklerimizden ýokary hilli boýaglaryň alnandygyna göz ýetirýärsiň. Daşary ýurt we türkmen alymlary taryhy maglumatlara esaslanyp, Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, Garagum sährasy, bol suwly derýalary, belent-belent daglary barada belleýärler. Şeýle-de ýurdumyzyň çäklerinde geçmişde gür tokaýlyklaryň bolandygyny, dub agajynyň, arçanyň, serwi agajynyň, söwüdiň, pissäniň we köp sanly gyrymsy agaçlaryň ösendigini bellemek bilen Köpetdagyň gür, ýaşyl tokaýlara, dagyň ýokarky we aşaky guşaklyklarynda, dag eteklerinde hoşboý ysly otlara, baý çemenzarlyklara bürelendigini ýazýarlar.

Alymyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.