"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Tomus pasly howanyň gyzýan möwsümi hasaplanýar. Günüň ýiti şöhlesi merkezi nerw ulgamyna oňaýsyz täsir edýär. Bu bolsa bedeniň sazlaýjy ulgamynyň bozulmagyna alyp barýar. Gün uranda deri örtügi gyzaryp guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmasy, essi aýylyp, huşuny ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Şu pursatda jebir çekene öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem, lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:

Sagdynlyk — abadan durmuşyň gönezligi

Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşy, raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda edilýän aladalar hakynda pikir edenimde, şeýle bir tymsal ýadyma düşýär: Ir döwürler bir akyldardan:

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Çagalarymyzy goralyň!

Geljegimiz, şatlygymyz, guwanjymyz bolan çagalarymyzy dürli ýokanç kesellerinden, saglyklaryna ýaramaz täsir etjek tebigy hadysalardan goramak biziň borjumyzdyr. Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalarda köp duş gelýän keselleriň biri-de Gün urmadyr. Çagalaryň öz ýagdaýlaryny anyk düşündirip bilmeýändigi sebäpli ony kesgitlemek hem kyn bolýar. Gowşaklyk, kellagyry, ýürekbulanma, ýürek urşunyň çaltlanmagyna, hereketiniň peselmegine, gyzgynyň galmagyna täsir edýän başga sebäpler hem bolup biler. Çagalary tomus paslynda diňe irden we agşam salkynda gezelenje çykarmaly. Olara nah matadan tikilen, giň biçilen eşikler geýdirmeli. Şeýle eşikler bedeniň dem almagyna we deriň bugarmagyna mümkinçilik berýär. Çagada Gün urma alamatlary bolan ýagdaýynda ony salkyn ýerde arkan ýatyrmaly. Endamyny çygly mata bilen süpürmeli. Arasyny bölüp, az mukdarda suw içirmeli. Içirýän suwumyz sowuk bolmaly däldir. Öýde taýýarlanylan miwe suwlary has peýdalydyr. «Tiz kömek» gullugyna jaň edip, lukman gelýänçä çagany gözegçilikde saklamaly. Soňra maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, ony barlaglardan geçirmeli.

Halkymyzyň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady. Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini öz

Saglyga sygnyp ýaşa

Jöwzaly yssydan goranalyň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry berjaý etmeli.

Buýanyň önümçiligi artýar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýurdumyzyň çägindäki tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini içgin öwrenmek barada aýdanlary bu möhüm işe has çynlakaý çemeleşmegi talap edýär. Şunda bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmagy, ösen tejribeleriň işjeň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragynyň müň derde derman ösümlikleriniň biri-de buýandyr. Şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Toplumyň agzybir işgärleriniň ýylyň başyndan bäri taýýarlan buýan köki 1 müň 146, buýan ekstrakty bolsa 549 tonna ýetdi. Şeýlelikde, buýan köküni taýýarlamakda 3 million manada golaý, ekstrakt önümçiliginde umumy bahasy 6 million manada deň bolan iş ýerine ýetirildi.

Düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin lukman maslahatlary

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň merkezi

Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň belent nusgasy bolup, göwünleri göterýär. Ol milli döwletliligiň altyn şuglasydyr. Täze Arkadag şäherinde elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, arassa tebigy gurşawy emele getirmek, döwrebap, iň ýokary durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik döreder. Täze şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda döwrebap Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, köpugurly hassahananyň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edaralary döredilip, degişli binalaryň gurluşygy ýokary derejede ýerine ýetirildi. Şäherde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilendigi bellärliklidir.

Ýiti gün şöhlesinden goranalyň!

Tomus paslynda Gün şöhlesi has-da ýiti bolýar. Gün şöhlesiniň zyýanly täsiriniň bardygynam ýatdan çykarmaly däl. Günüň ýiti şöhleleriniň aşagynda adamlara, ylaýta-da çagalara uzak wagtlap durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Eger-de Gün şöhlesi bilen çaganyň bedenini taplamak isleseňiz, onda ony howanyň salkyn wagty gezdirip bilersiňiz. Çagalar güneşli howada gezdirilende, olaryň endamy Güne ýanmaly däldir. Hökman ýeňiljek başgap geýdirilen bolmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary ýiti Gün şöhleleri düşýän ýere çykarmak maslahat berilmeýär. Yssy wagty uzak wagtlap açyk howada gezilende, Gün şöhlesi adam bedenine zyýanly täsir edip, dürli näsazlyklara getirýär. Muňa başgaça aýdylanda, «Gün urma» diýilýär. Gün urma – bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap bolnan ýagdaýda ýüze çykyp biler. Gün urmada adamda güýçli kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Eger-de şunuň ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, näsagy kölegä ýa-da salkyn otaga geçirip ýatyrmaly we dessine «Tiz kömegi» çagyrmaly, Gün uran adama sowuk suw ýa-da düýe çalyny içirmeli, ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, iri damarlaryň geçýän ýerine sowuk suwa öllenen esgi goýmaly.

Tomus: düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: ■ Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Saglyk serpaýy

Soňky bäş ýyla golaý wagtdan bäri: «Pylan keselime welaýat köpugurly hassahanasynda bejergi aldym welin, el bilen aýrylan ýaly bolaýdy», «Ýol söküp ýörmegiň hajaty ýok, onda çylşyrymly operasiýalary hem ýerine ýetirýärler» diýen gürrüňlere kän şaýat bolýarys. Dillerden düşmeýän welaýat köpugurly hassahanasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berildi.

Gün urmanyň öňüni alyş düzgünleri

Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi adamyň saglygynda wajyp ähmiýete eýedir. Olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Şunda tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy hem ýatdan çykarmaly däl. Çünki Günüň aşagynda uzak gezilende ynsan saglygy üçin örän howply bolan Gün urma hadysasy ýüze çykyp bilýär. Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Her bir adam Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar, ýagny ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmak, ýanmak hadysasy bolup geçýär. Gün urma hadysasy gyzgynlygyň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär. Gün urmanyň ilkinji alamatlary 2—10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, arkada we aýaklarda agyry, gulak şaňlamagy, gözüň garaňkyramagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamda howa ýetmeýän ýaly duýgy bolýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy ýygylaşýar, näsag huşuny ýitirýär. Merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüne görünme ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy 41 —&nbsp

Goýny sapaly «Bagtyýarlyk»

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi başlanýar. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi her möwsümde bolşy ýaly, bu gezek hem çagalara giňden gujagyny açdy. Bu ýerde çagalaryň wagtlarynyň şadyýan, gyzykly geçmegini gazanmakda mugallymlardyr terbiýeçileriň we lukmanlaryň paýy uludyr. Merkezde lukmanlar çagalaryň saglygyny goramak bilen, olaryň nähoşlamazlygy üçin gije-gündiz alada edýärler. Biz merkeziň lukmany Umidahon Aulowa bilen söhbetdeş bolduk. ― Ilki bilen, merkezde çagalaryň kabul ediliş düzgünleri barada aýdaýsaňyz!

Bedenimizdäki suwlar

Ynsan bedeniniň üçden iki bölegini suw emele getirýär. Beýnimiziň 95, ganymyzyň 82, öýkenimiziň 90 göterimi suwdan ybarat. Bedenimizdäki suwuň mukdarynyň 2 göterim kemelmegi ýatkeşligiň, görşüň pese gaçmagy ýaly birnäçe howply kesellere getirýär. Suw ynsan bedeniniň kadaly işlemeginde möhüm orny tutýar. Suw bolmadyk ýagdaýynda bedenimiziň işleýiş kuwwaty pese gaçýar. Umuman aýdylanda, ähli öýjükleriň we dokumalaryň ýaşaýşy suwa baglydyr. Ýeterlik mukdarda suw içmeklik birnäçe keselleriň öňüni alýar. Ynsan bedeninde, ortaça, 42 göterim suw bardyr. Onuň 2,7 litriniň kemelmegi dürli oňaýsyz hadysalara alyp barýar. Şol sebäpden tomus günlerinde daşa çykylanda, ýanyňda suw götermegi hem unutmaly däl. Bu biziň saglygymyzy goramaga ýardam eder.

Tebigatyň eçilen melhemi

Ýurdumyzda özüniň melhemlik suwlary, palçyklary bilen tanalýan şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde 32 element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Farap» şypahanasy hem watandaşlarymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Bu ýere gelip, saglygyny dikeldýän raýatlar hemişe şypahananyň şypaly suwundan, ähli hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar. Dowamly inçe we ýogyn içegeleriň sowuklama keselinde mineral suwy, adatça, nahardan öň 3 gezek kabul edilýär. Ýöne suwuň hem-de iýmitiň kabul edilişiniň dogry utgaşdyrylmagyny, aşgazanyň işjeňligini anyklamak örän ähmiýetlidir. Eger-de aşgazanda pes turşulyk bolanda, nahardan 15―30 minut soň, tersine, ýokary bolanda, 1―1,5 sagat nahardan öň içilýär.