Çagalarymyzy goralyň!

14 Iýul 2023
505

Geljegimiz, şatlygymyz, guwanjymyz bolan çagalarymyzy dürli ýokanç kesellerinden, saglyklaryna ýaramaz täsir etjek tebigy hadysalardan goramak biziň borjumyzdyr. Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalarda köp duş gelýän keselleriň biri-de Gün urmadyr. Çagalaryň öz ýagdaýlaryny anyk düşündirip bilmeýändigi sebäpli ony kesgitlemek hem kyn bolýar. Gowşaklyk, kellagyry, ýürekbulanma, ýürek urşunyň çaltlanmagyna, hereketiniň peselmegine, gyzgynyň galmagyna täsir edýän başga sebäpler hem bolup biler. Çagalary tomus paslynda diňe irden we agşam salkynda gezelenje çykarmaly. Olara nah matadan tikilen, giň biçilen eşikler geýdirmeli. Şeýle eşikler bedeniň dem almagyna we deriň bugarmagyna mümkinçilik berýär. Çagada Gün urma alamatlary bolan ýagdaýynda ony salkyn ýerde arkan ýatyrmaly. Endamyny çygly mata bilen süpürmeli. Arasyny bölüp, az mukdarda suw içirmeli. Içirýän suwumyz sowuk bolmaly däldir. Öýde taýýarlanylan miwe suwlary has peýdalydyr.

«Tiz kömek» gullugyna jaň edip, lukman gelýänçä çagany gözegçilikde saklamaly. Soňra maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, ony barlaglardan geçirmeli.

Selbinyýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.