Sagdynlygyň we ruhubelentligiň merkezi

12 Iýul 2023
431

Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň belent nusgasy bolup, göwünleri göterýär. Ol milli döwletliligiň altyn şuglasydyr.

Täze Arkadag şäherinde elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, arassa tebigy gurşawy emele getirmek, döwrebap, iň ýokary durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik döreder. Täze şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda döwrebap Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, köpugurly hassahananyň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edaralary döredilip, degişli binalaryň gurluşygy ýokary derejede ýerine ýetirildi. Şäherde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilendigi bellärliklidir.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.