Buýanyň önümçiligi artýar

14 Iýul 2023
442

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýurdumyzyň çägindäki tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini içgin öwrenmek barada aýdanlary bu möhüm işe has çynlakaý çemeleşmegi talap edýär. Şunda bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmagy, ösen tejribeleriň işjeň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir.

Türkmen topragynyň müň derde derman ösümlikleriniň biri-de buýandyr. Şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Toplumyň agzybir işgärleriniň ýylyň başyndan bäri taýýarlan buýan köki 1 müň 146, buýan ekstrakty bolsa 549 tonna ýetdi. Şeýlelikde, buýan köküni taýýarlamakda 3 million manada golaý, ekstrakt önümçiliginde umumy bahasy 6 million manada deň bolan iş ýerine ýetirildi.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
žurnalist.