Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

16 Iýul 2023
635

Tomus pasly howanyň gyzýan möwsümi hasaplanýar. Günüň ýiti şöhlesi merkezi nerw ulgamyna oňaýsyz täsir edýär. Bu bolsa bedeniň sazlaýjy ulgamynyň bozulmagyna alyp barýar.

Gün uranda deri örtügi gyzaryp guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmasy, essi aýylyp, huşuny ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Şu pursatda jebir çekene öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.