"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Haýyr-sogap — ynsan bezegi

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrylmasy ornaşdyryldy. Milli şypahana we derman senagaty ulgamlary döredildi. Daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň öwezini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup, önümçilige girizildi. Saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlyk giň gerime eýe boldy. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri arkaly dowam etdirilýär we oňa täze bejeriş usullary netijeli ornaşdyrylýar. Saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýady berkidilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan halkara derejeli saglygy goraýyş edaralary ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar, saglygy goraýşyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär.

Gün urmadan goranalyň!

Gün urmanyň öňüni alyş çäreleri şulardan ybarat, ýagny bedenimiz ýokary temperatura uýgunlaşdyrylmalydyr, gün tertibini, suw we iýmit düzgünini berjaý etmeli. Teşneligi gandyrmak üçin bedeni ýeterlik suw bilen üpjün etmeli. Suwa derek çaý içilse, has hem gowy bolýar, sebäbi çaý teşneligi gowy gandyrýar. Bulardan başga-da, witaminli suwlar, şireler içilmelidir. Yssydan goranmak üçin kölegeleri, suwly duşlary gurnamaly, yssy günleri zähmet çekilende ýygy-ýygydan biraz arakesme yglan etmeli.

Ýurduň baş baýlygynyň goragynda

Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýuly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen senesi hökmünde bellenilýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda ynsan we onuň saglygy ugrunda iňňän möhüm işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu üstünlikleriň özenini düzüp, ol tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini şertlendirdi. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny berkitmäge, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Günden ägä boluň!

Tomus paslynda zerurlyk ýüze çykmasa, sagat 10:00-dan 17:00 aralygynda, has takygy, howanyň yssy wagtynda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär. Çeşmesi belli bolan arassa agyz suwuny ýanyňyzda göteriň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Uly ösüşlere ýetilýär Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň iň uly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitlere ýetildi, ulgamyny özboluşly, milli saglyk ýörelgämiz esaslandyryldy.

Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!

Günurma — agyr ýagdaý bolmak bilen, ilki bilen, adamyň kelle beýnisiniň işjeňligine zeper ýetirýär, bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini peseldýär (gipoksiýa). Gün uran ýagdaýynda ýüze çykýan alamatlar gezelenç edilýän wagty ýa-da ondan birnäçe wagt geçenden soň hem döräp bilýär. Gün şöhlesiniň çaga bedenine gereginden artyk täsir eden ýagdaýynda, adam bedeni üçin wajyp bolan temperaturany kadalaşdyryjynyň (termoregulýasiýa) işjeňligi bozulýar, bedenden gyzgyn çykarylmak hadysasy peselýär, netijede, beden temperaturasy ýokarlanýar (gipertermiýa).

Saglygym — baş baýlygym

Narpyz oty Narpyz ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Oňa «ýüregiň damarlaryny janlandyrýan ösümlik» hem diýilýär. Narpyzyň dermanlyk häsiýeti meşhur bolansoň, onuň ady rowaýatlarda hem duş gelýär. Halk lukmançylygynda narpyzyň ýapragyndan alynýan dermanlyk serişde öt çykaryjy, derlediji hökmünde ulanylýar. Narpyzyň otundan alnan şiresi sirkä garylyp, gan gitmäniň öňüni almakda, bala garylan şiresi bolsa gulagagyryda peýdalanylypdyr. Agyz boşlugyna düşýän ýaralary dag narpyzyny çeýnemek bilen bejeripdirler. Narpyz ýagy «korwalol» dermanynyň hem esasyny düzýär. Ylmy lukmançylykda narpyz otundan alynýan mentol gan damarlaryny giňeltmekde, stenokardiýada, kelle beýnisinde we gan damarlarynda gatama dörände, ony ýumşatmak üçin, ukusyzlykda, gaharjaňlykda rahatlandyryjy hökmünde peýdalanylýar. Mentol wazelin ýagy bilen bilelikde rinit, meningit, farengit ýaly keselleri bejermekde, parafin bilen bilelikde çakyzany bejermekde hem ulanylýar.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Daşarda gezelenç etmegi irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyza almak bilen amala aşyrmak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Tomsuň çogly günlerinde

•Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. •Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň.

Dynç alyň — güýç alyň!

Tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly dowam edýän häzirki günlerinde «Daşoguz» şypahanasy hem iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Saýasyna gün düşmeýän gür baglyga bürenip, howalanyp oturan döwrebap şypahana ýurdumyzyň ähli künjeginden ildeşlerimiz dynç almaga gelýärler, bu ýerde mähir bilen gurşalyp, saglygyny dikeldýärler. Bu ýeriň özboluşly tebigaty bar. Melheme baý gyzgyn ýerasty çeşmesi, jana tenekar mineral suwuň egsilmeýän gory, ýakymly howasy onuň tebigy aýratynlygy hasaplanýar. Şeýle tebigy baýlyklary bolan bu künjegiň bir böleginde täze eýýamymyzyň döredijilik kuwwaty bilen häzirki zaman infrastrukturasy kemala geldi. Alys gözýetimden seleňläp görünýän şypahananyň döwrebap binasynyň ajaýyp keşbi, dürli bezeg agaçlarynyň hemişe ýaşyl öwüsýän hatary, sport hem dynç alyş desgalary, oba durmuşyna, bag-bakjaly ýerlere goşulyp, täsin görnüşi döredýär. Bu şypahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň, lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygynyň, adamlaryň saglygyny goramaga, ýokary derejede dynç alşyny guramaga uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Kämil lukmançylyk enjamlary, iň ýokary derejedäki bejergiler, derde derman melhemler, ähli amatlyklary bilen haýran galdyrýan giň otaglar, beýleki toplumlaýyn hyzmatlar bu ýerde dynç alýan ildeşlerimiziň hyzmatynda.

Suwuň peýdasy

Şu günler howa aşa gyzýar. Bu hem bedenden köp mukdarda suwuklygyň der bilen bölünip çykmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýlarda adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykýar, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar. Ol hem ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulýar. Şonda dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanýar we howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar.

Üzüm

Üzüm ýurdumyzda daýhanlar tarapyndan giň gerimde ýetişdirilýär. Köp ýyllyk agaç bolan üzümiň häzirki döwürde 350-den gowrak görnüşi bellidir. Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, saharoza, uglewodlar, organiki turşular, peptinler, kaliý, kalsiý, natriý, magniý, az mukdarda demir, marganes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikro elementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, dürli fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki peptinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we toksinleriň bedenimizden çykmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, miwäniň antiseptiki täsiri bolup, ol bedene düşen kesel döredijileriň we dürli ýokançlaryň öňüni almaga täsirini ýetirýär. Üzümiň düzüminiň 80 göterime golaýy suwdan ybaratdyr. Miwäniň ýokumly baý düzümi keselleriň öňüni almaga we bejermäge täsirini ýetirýär. Miwe, esasan-da, ýürek-damar keselleriniň, dem alyş ýollarynyň keselleriniň, bogun agyrylarynyň we peşew ýollarynda, böwreklerde daş emele gelmeginiň öňüni alýar. Üzüm bedeni gurplanydyryp, immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Miweden taýýarlanýan dürli içgiler bedene kuwwat beriji häsiýete eýe bolup, teşneligi gandyrýar. Üzüm içgisi bedendäki suw elektrolit çalşygyny sazlaýar. Kakadylan ýagdaýynda-da peýdaly maddalary, düzümindäki witaminleri özünde saklamagy miwäniň esasy tapawutly tarapydyr. Kişmişiň düzüminde B1, B2, B5 ýaly witaminler, fosfor, magniý, demir we mikro

Sagdyn ýaşamak üçin kadalary berjaý ediň!

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Gün şöhlesinden goranmak

Tomus paslynda howanyň gyzgynlyk derejesiniň aşa ýokarlanmagynyň netijesinde, Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin yssy, jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda günurma hadysasy ýüze çykýar. Günurma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilende ýüze çykyp bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Günurma bolanda ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, dem almagyň kynlaşmagy, kellagyry görejiň giňelmegi, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, haýal etmän ilkinji kömegi bermeli we «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly.

Gün urmasynyň öňüni almak üçin şulary maslahat berýäris:

● Tomusda gündizine sagat 10 — 00-dan 18 — 00-a çenli Günüň astynda bolmakdan, mümkin boldugyça, gaça durmaly; ● Yssy howada açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli;

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Tomusda arassaçylygy berk saklamaly

Tomusda dürli gök-bakja önümleri bişýär. Çagalar hem gök-bakja önümlerini iýmegi diýseň gowy görýärler. Bilseňiz ýagşy, şu döwürde käbir möwsümleýin keseller ýüze çykýar. Olaryň biri hem içgeçmedir. Içgeçme içegäniň zeperlenmegi we bedeniň zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýän ýokanç keseldir. Lukmanlar içgeçmäni: «Hapa elleriň keseli» diýip atlandyrýarlar. Şol sebäpli bu keselden goranmak üçin, esasan-da, arassaçylyk düzgün-tertibini saklamak örän möhümdir. Elleri elmydama sabynlap ýuwmagy endik etmeli.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Günüň şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly bolup, ol ýerlikli peýdalanylanda, «D» witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär we bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Ýöne, Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmasy, essi aýylyp, huşuny ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Şu pursatda jebir çekene öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Gün şöhlesinden goranmak üçin

Adamyň sagdyn ýaşamagy üçin Gün şöhlesi edil howa, suw, iýmit ýaly zerur. Ýöne onuň dowamly täsiriniň bedene uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Günüň aşagynda aşa köp durulmagy, onuň zyýanly täsir edýän wagtynda Gün wannasynyň kabul edilmegi ýaramaz netijelere getirip bilýär. Gün şöhlesi ganda limfositleriň mukdaryny köpeldýär. Deriniň ýanmagy, wagtyndan öň ýygyrt atmagy, çeýeligini ýitirmegi, garramagy, ukynyň bozulmagy, gaharjaňlygyň, newrozlaryň, deriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagy, köplenç, ultramelewşe şöhleleriniň dowamly täsiri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de yssyda daşarda köp wagtlap gezilende, Gün urmasy bolup bilýär. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin howanyň örän ýokary gyzgynlyga ýetýän häzirki günlerinde daşary çykylanda, kelläňe başgap geýmek, ýaglyk atynmak, äýnek dakynmak, saýawan götermek maslahat berilýär.

Işewürligiň saglyga ýa-da saglygyň işewürlige täsiri

Häzirki wagtda dünýäde, şol sanda biziň jemgyýetimizde hem işjeň durmuşa geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgesi ynsan saglygy üçin iň gerekli düzgün-kadadyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine girýän oňat endikleriň sany kesgitli bolmasa-da, olary mümkin boldugyndan azaltmak däl-de, köpeltmek zerurdyr. Çünki bizi gurşap alýan durmuş hadysalarynyň islendiginde hem saglygymyza howp salyp biläýjek zatlaryň bolşy ýaly, saglygymyzy goramaga hemaýat berip biljek zatlar hem az däl. Adamyň saglygy hakynda gürrüň edilende, onuň diňe beden saglygyny göz öňüne getirmek ýalňyşdyr. Adamda bedenden başga-da, ruhuň hem bardygyny unutmaly däl. Lukmançylyk ylmynda uly yz goýan meşhur şahsyýetleriň tejribelerine, şeýle-de ýazuw çeşmelerine salgylananyňda-da, adamyň ruhunyň päkliginiň we berkliginiň beden saglygyndan has ýokarydygyny görmek bolýar. Bu barada Ibn Sinadan biraz öň ýaşap geçen Abu Bakr al-Razi ruhy lukmançylyk ugruny döredýär. Al-Raziniň bu ýoly döretmekden maksady, ynsan kalbynyň ýaramaz taraplaryny düzetmek we ruhy häsiýetleri kämilleşdirmek, has takygy, beden gigiýenasyndan öňürti ruhy bilen baglanyşykly düzgünleri berjaý etmek bolup durýar.