Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!

19 Iýul 2023
396

Günurma — agyr ýagdaý bolmak bilen, ilki bilen, adamyň kelle beýnisiniň işjeňligine zeper ýetirýär, bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini peseldýär (gipoksiýa). Gün uran ýagdaýynda ýüze çykýan alamatlar gezelenç edilýän wagty ýa-da ondan birnäçe wagt geçenden soň hem döräp bilýär.

Gün şöhlesiniň çaga bedenine gereginden artyk täsir eden ýagdaýynda, adam bedeni üçin wajyp bolan temperaturany kadalaşdyryjynyň (termoregulýasiýa) işjeňligi bozulýar, bedenden gyzgyn çykarylmak hadysasy peselýär, netijede, beden temperaturasy ýokarlanýar (gipertermiýa).

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.