Saglygym — baş baýlygym

19 Iýul 2023
551

Narpyz oty

Narpyz ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Oňa «ýüregiň damarlaryny janlandyrýan ösümlik» hem diýilýär. Narpyzyň dermanlyk häsiýeti meşhur bolansoň, onuň ady rowaýatlarda hem duş gelýär. Halk lukmançylygynda narpyzyň ýapragyndan alynýan dermanlyk serişde öt çykaryjy, derlediji hökmünde ulanylýar. Narpyzyň otundan alnan şiresi sirkä garylyp, gan gitmäniň öňüni almakda, bala garylan şiresi bolsa gulagagyryda peýdalanylypdyr. Agyz boşlugyna düşýän ýaralary dag narpyzyny çeýnemek bilen bejeripdirler. Narpyz ýagy «korwalol» dermanynyň hem esasyny düzýär. Ylmy lukmançylykda narpyz otundan alynýan mentol gan damarlaryny giňeltmekde, stenokardiýada, kelle beýnisinde we gan damarlarynda gatama dörände, ony ýumşatmak üçin, ukusyzlykda, gaharjaňlykda rahatlandyryjy hökmünde peýdalanylýar. Mentol wazelin ýagy bilen bilelikde rinit, meningit, farengit ýaly keselleri bejermekde, parafin bilen bilelikde çakyzany bejermekde hem ulanylýar.