Gün şöhlesinden goranmak

18 Iýul 2023
503

Tomus paslynda howanyň gyzgynlyk derejesiniň aşa ýokarlanmagynyň netijesinde, Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin yssy, jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda günurma hadysasy ýüze çykýar.

Günurma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilende ýüze çykyp bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Günurma bolanda ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, dem almagyň kynlaşmagy, kellagyry görejiň giňelmegi, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, haýal etmän ilkinji kömegi bermeli we «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.