Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

17 Iýul 2023
750

Günüň şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly bolup, ol ýerlikli peýdalanylanda, «D» witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär we bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Ýöne, Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmasy, essi aýylyp, huşuny ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Şu pursatda jebir çekene öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.