HYTAÝ DILI: SÖZÜŇ ŞEKIL BILEN SAZLAŞYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyza halkara ülňilerine gabat gelýän bilim-terbiýe berilýär. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek, döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykarmak häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Şol sebäpli hem, ýaşlary ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzünde öz netijeliligini görkezýär. Häzirki wagtda bu Konsepsiýa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa laýyklykda, 2015-nji ýyldan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda iňlis, rus