HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEKDE ÝAŞ MEÝLETINÇILERIŇ ORNY

1 Sentýabr 2024
327

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen, türkmen ýaşlarynyň daşary döwletleriň ýaşlary bilen hyzmatdaşlygy gatnaşyklary has-da ýygjamlaşýar.

Türkmenistanyň öňe süren hem-de halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň, dialogyň we ynanyşmagyň medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilen «Dialog –parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw, giň seslenme tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjyny halklaryň arasynda parahatçylygy we ynamy ösdürmegiň, dostlugy berkitmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de döwletleriň okgunly ösüşine ýardam bermegiň hatyrasyna mundan beýläk-de iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak türkmenistanly ýaşlar üçin uly derejedir, abraýdyr, hormatdyr.

Welimyrat ÖWEZOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.