«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkarar döwletiniň sarsmaz binýatlarynyň berkdiginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäde dabaralanýan ýylynda geçiriljek döwletli maslahat milli ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygynyň, akyldar şahyryň pähim-paýhas — pelsepe mekdebiniň täzeden galkynýandygynyň nyşany bolar.
Türkmenleriň döwletli işi geňeşli, uly jemagat bolup maslahatlaşandygyny, geňeşe uly ähmiýet berendigini Magtymguly atamyzyň eserlerindäki «Ärler geňeşi», «Uly jemagat», «Uly geňeş» ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygynda, nesihat almak, ile maslahat salmak hakynda öwüt-ündewlerinde görýäris. Akyldar şahyr «Geňeş bergil deňe-duşa», «Beglermiz kylar geňeşi», «Ýagşylar geňeşin tutan», «Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa», «Goç ýigide toýdur-baýram / Her iş gelse il biläni» ýaly setirleriniň üsti bilen geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygyny, «Geňeşli ýerde kemlik ýok», «Geňeşene giň dünýä» diýen halk paýhasyny beýan edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hawa, halkyň ykbalynyň çylşyrymly pursatlarynda hem: «Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak (nirä) bolsa, senem şo ýana git», «Il bilen gelen — toýda-baýram», «Dinden çyksaň çyk, ilden çykma» diýilýär. Bu köpçüligiň geňeşip gelen netijesine adalatly garaýyşdyr.