BAGTYŇ AÇARY
«Bagtyň açary nirede?» diýen sowala her kim özüçe jogap berer. Käbirimiz ony altyn açar, agaç açar, demir açar ýa-da çagalykdan aňymyza ornan Buratinonyň açary ýaly göz öňüne getirmegimiz mümkin. Çünki aňa ir dolaşan düşünjeler, ýadymyzda galan suratdyr keşpler indiki oý-hyýallara, pikirlere, çözgütlere gönezlik bolup, olara mazaly täsirini ýetirýär. Aslynda, bu sowal diňe şu günüň neslini däl, öten-geçen eždatdyr pederleriň hem pikirlerini gurşapdyr. Olaryň bu babatda dürli netijelere gelmeklerine itergi beripdir. Aý-günler we ýyllar, adamzat gatnaşyklary ol düşünjeleri paýhas eleginde üwäp, akyl terezisinde saldarlap görensoň, düşünjeler kämilleşip, agramly garaýyşlar aýyl-saýyl bolansoň, bagtyň açarynyň niredeligi aýan bolupdyr. Ýogsam, şol wagta çenli bu syr ýedi gat deňziň düýbündäki daşyň astyndaky sandykda saklanan döwüň jany ýaly, gaty pynhan eken. Şeýdip, bagtyň açarynyň nämeden ybaratdygy, düzümi, onuň nirede ýerleşýändigi we nähili tapyp bolýandygy hakdaky pikirler barha berkäp ugraýar. Şondan bärem, bu syrdan habarly adamlar, düzgüne laýyk hereket edip, bu açary tapmagyň hötdesinden gelipdirler. Geljegini, görjegini şol esasda gurupdyrlar. Ol açar demirdenem, agaçdanam, polatdan ýa misdenem, altyndan ýa kümüşdenem däl. Alymlaryň aýtm