ÝUNUS EMRÄNIŇ ESERLERINDE RUHY-AHLAK ÝÖRELGELER

1 Sentýabr 2024
359

Her bir şahyryň edebi mirasy ýaşan zamanasyndan, döwürdeşleriniň ruhy ahwallaryndan üzňe bolmaýar. Onuň şahyrlyk ukybyny bolsa ýaşan jemgyýetiniň medeni derejesi, edebiýatyň ösüş ýagdaýy, alan ylym-bilimi, çeken zähmeti, zehininiň ýitiligi, başarjaňlygy kesgitleýär. Beýik söz ussatlarynyň ählisi-de, ilkinji nobatda, öz halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, halk döredijiligine, ýazuwly edebiýatyň oňyn däplerine, şeýle-de beýleki goňşy halklaryň nusgalyk edebi ýörelgelerine eýeripdirler. Halkyň baý edebi mirasyndan geregiçe susup alypdyrlar. Ýunus Emräniň-de şahyrana dünýäsi oguz türkmenleriniň milli-medeni, ruhy-ahlak ýörelgeleri, edebi-çeper däpleri, dil baýlyklary esasynda kemala gelýär.

Ýunus Emräniň öz eserlerini oguz türkmenleriniň dilinde ýazandygyny ylmy jemgyýetçilik ykrar edýär. Şahyryň eserleriniň tankydy tekstini taýýarlan türk alymy Mustafa Tatçy onuň hut oguz türkmenleriniň dilinde eser döredendigi barada: «Ýunus Emre XIII asyrda oguz türkmenleriniň sözleşen hem-de ýazan dilinde eser döreden ýazuwly edebiýatyň iň uly wekilidir» diýip belläpdir. Şeýlelikde, Ýunus Emre oguz dünýäsine girelgäniň açaryna eýe bolýar. Ol turuwbaşdan oguz türkmenleriniň sözleýiş we ýazuw dili arkaly il-halkyň ruhuna aralaşýar. Şahyr ýaşlykdan obalarda, ýaýlalarda, dag-düzlerde gonup-göçen oguz taýpalarynyň arasynda önüp ösýär. Ildeşleriniň gün-güzeran ugrundaky başdan geçirenlerine, kesp-kärlerine, ýaşaýyş-durmuş aladalaryna şaýat bolýar. Halkyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny, duýgy-düşünjelerini, endiklerini, esasan hem, folkloryny, halk döredijiligini, oguz edebiýatynyň nusgalyk däplerini içgin öwrenýär.

Gurbanjemal ANNAKOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.