OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN AWAZA

1 Sentýabr 2024
286

Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak özboluşly syrlarynyň bardygyna gojaman Hazaryň ajaýyp kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny synlanyňda hem aýdyň göz ýetimek bolýar. Ähli ajaýyplyklary özünde jemleýän «Awaza» bu gün dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä tanalýar. Bu syýahatçylyk we şypahana toplumy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylhamynyň, beýik paýhasynyň gudratydyr. Milli syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly taslamasy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň gurmak, döretmek babatdaky arzuwlaryny ýurdumyzyň giň mümkinçilikleri bilen näderejede sazlaşdyrmagy başarýanlygynyň anyk subutnamalarynyň biri hökmünde dünýä doldy. Şeýle-de, dünýä jemgyýetçiligi Awazany özüniň bagtly şu gününi hem-de aýdyň geljegini gurýan halkymyzyň bu babatda gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň ajaýyp nyşany hökmünde ykrar edýär. Gysga wagtyň içinde gözelligi we ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken Awaza täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda syýahatçylygyň merjenine öwrüldi.

Berkarar Diýarymyzyň belent sepgitlere ýetmäge ukyplydygyny äleme jar eden bu deňi-taýy bolmadyk taslama giň mümkinçiliklere daýanýar. Hemmeleriň ünsüni özüne çekýän şol şertleriň iň esasylarynyň birem Hazaryň jana tenekar arassa türkmen kenarydyr. Hazaryň bu kenarynyň ekologiýa taýdan arassalygy bolsa dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Mundan daşgary hem deňziň dürli minerallary özünde jemleýän hoştap howasy, saglygy berkidiji häsiýeti bilen meşhur bolan altynsow çägesi, bu kenary jähekläp oturan hem-de ençe gözel şertleri özünde jemleýän binalardyr desgalar Awazany görmedikleriň görsem, görenleriň ýene gelsem diýýän arzyly künjegine öwürdi.

Şadurdy GOWŞAKOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.