"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.

Hazar — mümkinçilikleriň deňzi

Ýene-de sanlyja günden Hazar deňziniň güni dabaraly bellener. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny hapalanmakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň köpdürli biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar. Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şondan bäri ýurdumyzda her ýyl bu sene mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Ata Watanymyzda ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu resminama gol çekilenine 21 ýyl dolýar. Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegine nobatdaky gezek ýardam berer.

Dostlary birleşdirýän ýollar

Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde agzybirligiň, asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meýilli ýurtlaryň, iri-iri kompaniýalaryň, işewürleriň nazarynyň ýygy-ýygydan Türkmenistana gönükmegine getirýär. Bu babatda Wengriýa Respublikasy hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan döwletlerimiziň biridir. 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu dostlukly döwlet bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklarymyzyň gerimi barha giňeýär. Türkmen-wenger gatnaşyklary taryhyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Beýik ýüpek ýoly bu gatnaşyklarda uly orna eýe bolupdyr. Diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, medeni ugurda hem iki halky baglanyşdyrýan sahypalara duş gelmek bolýar. Wenger alymy Arminiý Wamberiniň adynyň halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedigi hem muňa şaýatlyk edýär. Wenger alymlarynyň halkymyz barada galdyran maglumatlary ýurduň mirashanalarynda häzir hem saklanylýar. Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri bolsa halkymyzyň durmuşy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly beýleki g

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gazanylýan üstünlikler raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyryp, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylan işlerde-de aýdyň görünýär. Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlaradyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy türkmen-rus dostlugyny pugtalandyrmak babatda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Demokratik ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Il-ýurt bähbitli meseleleri halkdyr ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmeniň gadymdan gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Häzirki wagtda halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigini jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda görmek bolýar. Her bir halkyň we döwletiň durmuşynda diňe bir häzirki nesilleriň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ykbalyny kesgitleýän wakalar bolýar. 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda halkymyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Şol gün geçirilen Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyz ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, ýurdumyzy ösdürmek babatda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Geçen taryhy döwürde gazanylan guwandyryjy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler türkmen halkynyň öz ykbaly üçin mynasyp baştutany saýlandygyny görkezdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz dürli ulgamlarda — ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda ul

Halk maslahaty: jebislik, agzybirlik we aýanlyk

Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Pederleriň milli ýörelgesi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasy: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr». Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegini gurýan agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän häzirki günlerinde bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar.

Ähli şäherlerden saýlanýan şäher

Garaşsyz ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler «Döwlet adam üçindir!»  diýen ynsanperwer taglymatyň ägirt uly işler arkaly durmuşa giňden ornaşdyrylýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyz ykdysady taýdan näçe galkyndygyça, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanýar. Şu ýylyň 3-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Şol gün ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Ol ýerde degişli ýolbaşçylar  şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Allanazar MEREDOW,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor: — Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň anyk görkezmeleridir öňde goýýan wezipeleri gurluşygy dowam edýän bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň hem ählitaraplaýyn döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär. Döwletli işleri durmuşa geçirip, bize nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimize, raýatlarymyzyň sapaly ýaşaýşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Türk­me­nis­tan — BMG: ählumumy parahatçylygy nazarlap

Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli halkara gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklar milli hem ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň ähmiýeti, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmegindäki işjeň orny aýratyn nygtaldy.

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşl

Parahatçylykly ösüşiň dabaralanmagy

Dost-doganlykly hem-de parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Ak mermerli paýtagtymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sapar bilen gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda saparda bolan belent mertebeli myhman bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalar esasynda yzygiderli berkidilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

Lukmançylyk klasteri: innowasion tehnologiýalar, giň mümkinçilikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly başlangyçlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşlerini dünýä ýaýýan sebitde ilkinji sanly tehnologiýalaryň merkezi bolan Arkadag şäheri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerini bütin dünýä ýaýmak bilen Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň tebigatyň ajaýyp künjeginde bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.

«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň şuglasy

Bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda türkmen halkyna yzygiderli buýsançly wakalaryň şaýady bolmak bagty miýesser edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagynyň şanly bir ýyllygynyň baýramçylygy hem uly dabara beslendi. Arkadag şäheri häzirki wagtda ilatyň ýaşamagy üçin ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýan, dürli derejeli ylmy-medeni ojaklaryň, saglyk merkezleriniň we beýleki döwrebap desgalaryň mekany hökmünde halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň hem-de tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheri ýurdumyzda ekologik abadançylygy saklamaga, arassa tebigy gurşawy döretmäge, döwrebap, ýokary derejeli durmuş şertlerini kemala getirmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýmaklary sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň – Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli uly sowgat boldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde halkymyzy buýsandy

Diýarymyzda sahawatly işler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly ynsanperwerlik häsiýetli uly işleri durmuşa geçirýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri öňde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň tomsunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Mary welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine we paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow ad

Halkyň saglygy — döwlet berkararlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan, möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasy halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri, şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esasla

Goňşuçylyk gatnaşyklary rowaçlanýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Belent binalar görner

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Hazar — parahatçylygyň, ylalaşygyň deňzi

Häzirki döwürde Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda ähmiýetli işleri alyp barýar. Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine gulluk edýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmek döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol dogrusynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Şonuň üçin bu sebit hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär. Taryha ser salsak, 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje