Dostlary birleşdirýän ýollar

8 Awgust 2024
145

Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde agzybirligiň, asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meýilli ýurtlaryň, iri-iri kompaniýalaryň, işewürleriň nazarynyň ýygy-ýygydan Türkmenistana gönükmegine getirýär. Bu babatda Wengriýa Respublikasy hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan döwletlerimiziň biridir. 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu dostlukly döwlet bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklarymyzyň gerimi barha giňeýär.

Türkmen-wenger gatnaşyklary taryhyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Beýik ýüpek ýoly bu gatnaşyklarda uly orna eýe bolupdyr. Diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, medeni ugurda hem iki halky baglanyşdyrýan sahypalara duş gelmek bolýar. Wenger alymy Arminiý Wamberiniň adynyň halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedigi hem muňa şaýatlyk edýär. Wenger alymlarynyň halkymyz barada galdyran maglumatlary ýurduň mirashanalarynda häzir hem saklanylýar. Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri bolsa halkymyzyň durmuşy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly beýleki golýazmalaryň hem nusgalaryny getirdiler.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar