Pederleriň milli ýörelgesi

8 Awgust 2024
127

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasy: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr».

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegini gurýan agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän häzirki günlerinde bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar.

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar